Wenger tebigy taryhy muzeýi: binagärlik bilen tebigy landşaftyň sazlaşygy


Ýewropanyň iň köne muzeýleriniň arasynda üçünji orunda durýan Wenger tebigy taryh muzeýi üçin şäher seýilgähinde täze özboluşly bina gurmak meýilleşdirilýär. BIG binagärlik edarasy tarapyndan hödürlenen bu taslama dünýäniň beýleki muzeýleri üçin nusgalyk ajaýyp gurluşa öwrülip biler. Binagärler binany adam eli bilen ýasalan depä meňzedip – bu bina diňe bir baý eksponatlar toplumyny öz içine almak bilen çäklenmän, eýsem, ýörite enjamlaşdyrylan üçek ýodasy boýunça gezelenç etmäge hem mümkinçilik döreder. Bu ýodalar şäher seýilgähiniň dowamyna öwrüler, şeýlelikde binanyň özi häzirki zaman binalarynyň şäher giňişligindäki ornuna täzeçe ekologik, funksional we innowasion çemeleşmäni görkezýän nusga bolar.
Bina öz arasynda kesişyan üç sany gurluşdan ybarat. Ol ýaşyl üçegi emele getirip, akgynly ýagdaýda ýerden ýokary galyp durar. Ol ýerden seýilgäh we şäheriň panoramaly görnüşi açylar. Binanyň içinde sergi zallary, laboratoriýalar, ofisler we jemgyýetçilik giňişlikleri ýerleşer. Hi-tech.mail maglumatyna görä, muzeýiň öňi bölekleýin aýnadan ybarat bolar. Uly penjireler tebigy ýagtylygyň içeri aralaşmagyna mümkinçilik döreder, bu hem ekspozisiýa bilen daşky tebigatyň arasynda wizual arabaglanyşygy üpjün eder. Ýaşyl üçek binanyň içindäki temperaturany sazlamaga we ýagyş suwuny ýygnamaga ýardam eder. Üçekde ýerleşdiriljek gün panelleri muzeýiň elektrik energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrar.
Muzeýiň içki giňişligi häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, eksponatlaryň saklanylmagy we görkezilmegi üçin taslamalaşdyrylypdyr. Bu ýerde toplamalaryň ygtybarly saklanylmagy we ylmy gözlegleriň geçirilmegi üçin oňaýly şertler dörediler. Binanyň merkezinde uly girelge zaly ýerleşip, ondan şöhle görnüşinde ýaýraýan ganatlara geçip bolar: bäş sany hemişelik sergi hem-de bir sany wagtlaýyn sergiler we çäreler üçin. Ýokarky gatda kitaphana we kafe, aşaky gatda bolsa bilim merkezi yerleşdiriler.
Muzeýiň ähli derejedäki myhmanlar üçin elýeterli bolmagyna aýratyn üns berilýär. Kötel we giň geçelgeler mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar üçin amatly hereketi üpjün eder. Täze Wenger muzeýiniň taslamasy häzirki zaman binagärliginiň tebigat bilen sazlaşykly utgaşyp bilýändigini görkezýän nusgadyr. Täze muzeý diňe bir eksponatlar saklanýan ýer bolman, eýsem, tebigaty öwrenmegiň we ekologiýa taýdan düşündiriş işleriniň hakyky merkezine öwrülmegi wada berýär.








