

V Daşkent amaly-haşam sungat sergisi türkmen ussatlary çagyrýar
2025-nji ýylyň 20-24-nji oktýabrynda Daşkent ýene-de amaly-haşam sungatyň paýtagty bolar we dünýäniň dürli künjeklerinden ussatlar, suratkeşler we alymlar üçin gapylaryny açar. Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasy V Daşkent halkara amaly-haşam sungat sergisini “Däp-dessurlar we ählumumy parahatçylyk” atly şygar bilen geçirmekli yglan etdi





















