HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Awazadaky BMG-niň maslahatyna gatnaşar

Iýun 27, 2025 | 21:10 |4565
Bütindünýä gümrük guramasynyň Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça geňeşiniň 145-nji we 146-njy sessiýalaryna gatnaşmak üçin Brýussele amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew BGG-niň Baş sekretary Ýan Sonders bilen konstruktiw duşuşyk geçirdiBütindünýä gümrük guramasynyň Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça geňeşiniň 145-nji we 146-njy sessiýalaryna gatnaşmak üçin Brýussele amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew BGG-niň Baş sekretary Ýan Sonders bilen konstruktiw duşuşyk geçirdi
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Bütindünýä gümrük guramasynyň Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça geňeşiniň 145-nji we 146-njy sessiýalaryna gatnaşmak üçin Brýussele amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew BGG-niň Baş sekretary Ýan Sonders bilen konstruktiw duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Maksat Hudaýkulýew Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak ugrundaky ygrarlydygyny tassyklady. Ol hyzmatdaşlygyň çäginde toplanan oňyn tejribäniň ähmiýetini nygtady we BGG-niň häzirki we geljekki taslamalaryny durmuşa geçirmäge, şol sanda töwekgelçilikleri dolandyrmak we işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek ýaly ileri tutulýan ugurlara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

gensek-vsemirnoj-tamozhennoj-organizacii- (3).JPG

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň çäginde döredilen okuw merkezine aýratyn üns berildi. Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň beren sesleriniň netijesi boýunça, bu merkeze sebitleýin okuw merkezi diýen derejäni bermek barada kararyna gelnendigi bellenildi.

Gullugyň ýolbaşçysy, bu başlangyjy öňe sürmekde beren goldawy üçin Bütindünýä gümrük guramasyna minnetdarlyk bildirdi we merkezi ähmiýetli çäreler bilen doldurmak – okuw kurslaryny, ýöriteleşdirilen okuwlary we bilermen maksatnamalary guramak üçin mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.

gensek-vsemirnoj-tamozhennoj-organizacii- (1).JPG

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi pursatdan peýdalanyp, BGG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň ýolbaşçylyklarynyň adyndan resmi çakylygy gowşurdy. Hususan-da Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin iberen resmi çakylyk haty gowşuryldy.

Mundan başga-da, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara dialogyna gatnaşmak üçin iberen çakylyk haty gorşuryldy.

gensek-vsemirnoj-tamozhennoj-organizacii- (4).JPG

Guramanyň Baş sekretary iki çakylygy hem minnetdarlyk bilen kabul etdi we awgust aýynda Awazada geçiriljek BMG-niň maslahatyna gatnaşmak isleýändigini tassyklady. Şeýle hem, Türkmenistanyň Bütindünýä gümrük guramasynyň işine goşan goşandyna ýokary baha berdi we ýurduň guramanyň doly we konstruktiw agzasy hökmünde işjeň ornuny belläp geçdi. Duşuşygyň ahyrynda ol gümrük ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygy we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleriň döredilýändigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026