HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan UI GreenMetric maslahatynda: Fransiýada ekologiýa taslamalary görkezildi

Iýun 27, 2025 | 17:05 |4267
17–20-nji iýun aralygynda Nisse şäherinde UI GreenMetric dünýä uniwersitetleriniň reýting guramasynyñ 11-nji Halkara maslahaty geçirildi17–20-nji iýun aralygynda Nisse şäherinde UI GreenMetric dünýä uniwersitetleriniň reýting guramasynyñ 11-nji Halkara maslahaty geçirildi
Çeşme: bilim.tm

17–20-nji iýun aralygynda Nisse şäherinde UI GreenMetric dünýä uniwersitetleriniň reýting guramasynyñ 11-nji Halkara maslahaty geçirildi. Fransiýanyň Gök kenary Uniwersiteti we Indoneziýanyň Uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda guralan bu möhüm çäre, Türkmenistayñ ýokary bilim babatda, esasan hem durnukly ösüş ulgamyndaky üstünliklerini halkara derejesinde wagyz etmekde möhüm meýdançalarynyñ birine öwrüldi. Maslahat, bu ähmiýetli ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem ýardam etdi.

Forum “Ýokary bilimde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek: guramamyzyñ we jemgyýetimiziň taryhy” atly tema bagyşlandy. Onuň esasy maksatlarynyň hatarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, tejribe alyşmak we dünýäniň ýokary okuw mekdeplariniñ arasynda bilelikdäki ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürmek boldy.

Türkmenistanyñ adyndan bu maslahata S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary wekilçilik etdiler.

Şeýle hem, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2024-nji ýylda “UI GreenMetric World University Rankings” dünýä reýtinginde 474-nji orny eýeländigini bellemek möhümdir. Bu reýting ýokary okuw mekdeplerini durnukly ösüş we ekologiýa boýunça 6 görkezijiniň esasynda bahalandyrýar.

Maslahatda türkmen ýokary okuw mekdrpleri tarapyndan iki möhüm taslama hödürlenildi:

• S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti maldarçylyk galyndylaryndan organomineral dökünleri öndürmek boýunça taslamany hödürläp, oba hojalyk galyndylarynyň ekologiýa taýdan howpsuz gaýtadan işlenilşini görkezdi.

• Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň wekili bolsa, Chlorella vulgaris mikro suw otlaryndan alnan bio ýangyjy durnukly energiýa çeşmesi hökmünde ulanylşy hem-de suwaryş ücin ulanylýan suwuñ ekologiýa taýdan arassa gaýtadan işlenilşi boýunça barlag işleri bilen tanyşdyrdy.

Maslahata gatnaşmak türkmen uniwersitetlerine tejribe alyşmaga, şeýle hem ýokary bilim ulgamynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolundaky geljekki wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026