

Aşgabatda "Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa" atly halkara maslahaty geçirildi
Paýtagtymyzyñ "Ýyldyz" myhmanhanasynda "Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa" atly halkara maslahaty geçirildi.


Paýtagtymyzyñ "Ýyldyz" myhmanhanasynda "Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa" atly halkara maslahaty geçirildi.


Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.


Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Sergeý Lawrow geljek hepde Sankt-Peterburgda geçiriljek PHYF-iň çäginde geljekki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, 12-nji iýunda, penşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň temalarynyň üstünde durlup geçildi


17-nji iýunda Gazagystanyň paýtagty Astanada “Merkezi Aziýa – Hytaý” II sammiti geçiriler. Bu barada Gazagystanyň KHBS Akorda salgylanyp habar berýär. Oňa alty ýurduň döwlet Baştutanlary gatnaşar: Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan


BMG-niň iň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar we kiçi ada ösüp barýan döwletler boýunça Ýokary wekiliň kanselýariýasy we Halkara söwda merkezi Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hususy pudagynyň forumy geçiriler


Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly maslahatlar zalynda Ylymlar güni mynasybetli ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.


Aşgabadyñ halkara howa menzilinde täze maglumat-dynç alyş ulgamy ornaşdyryldy, ol içerki Wi-Fi ulgamy arkaly elýeterlidir.


Päkistan Russiýa ilkinji ýük demirýol ugruny 22-nji iýunda açar.


Snapchat messenjeri bilen tanalýan Snap kompaniýasy goşmaça hakykat (AR) tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan täze äýneklerini satuwa çykarmaga taýýarlyk görýär


Şu ýylyň güýzünde Toyota Woven City-ni açýar. Bu bolsa Fuji dagynyň eteginde ýerleşýän dünýäniñ ilkinji synag görnüşindäki akylly şäherdir. Bu innowasion taslamanyñ maksady — robotlaryñ, awtonom ulaglaryñ we emeli añyñ gündelik durmuş bilen utgaşýan aýratyn gurşawyny döretmekdir


Le.Travel syýahatçylyk kompaniýasy häzirki wagtda Aşgabatdaky Sergiler merkezinde geçirilýän halkara “Turkmentextile Expo-2025” sergisine gatnaşýar. Çäräniň çäklerinde kompaniýa Türkmenistana hem-de daşary ýurtlara niýetlenen giň gerimli syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär.


Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi 6-njy iýunda Jammu we Kaşmir birleşen çägine amala aşyran saparynyň dowamynda Çenab derýasynyň üstünden geçýän dünýäniň iň beýik arkaly demir ýol köprüsini dabaraly ýagdaýda açdy.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine hem-de ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Türkmenistanyň bugdaý meýdanlarynda galla oragyna badalga berildi we 11-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow galla oragynyň depgini bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň bugdaý ekilen meýdanlaryna baryp gördi. Bu sapar döwlet Baştutanynyň oba hojalyk toplumyny ösdürmäge we türkmen daýhanlarynyň abadançylygyna hemişe üns berýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi


Biz dürli ugurlary öz içine alýan ýola goýlan hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berýäris – syýasy dialogdan başlap ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy hyzmatdaşlyga çenli diýip, wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Russiýanyň güni mynasybetli Russiýanyň Ilçihanasy tarapyndan geçirilen dabaraly kabul edişlikde Türkmenistan Hökümetiniň adyndan eden çykyşynda aýtdy