HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Merkezi Aziýada kriosfera meselelerine bagyşlanan sebit seminaryna gatnaşdy

Awgust 13, 2025 | 15:00 |5647
4–8-nji awgust aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl şäherinde kriosfera meselelerine bagyşlanan sebitleýin seminar geçirildi4–8-nji awgust aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl şäherinde kriosfera meselelerine bagyşlanan sebitleýin seminar geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

4–8-nji awgust aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl şäherinde kriosfera meselelerine bagyşlanan sebitleýin seminar geçirildi. Çäre «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşe we howa üýtgemelerine uýgunlaşmaga toplumlaýyn çemeleşmelerini işläp taýýarlamak maksady bilen gar-buzluk ulgamlary boýunça sebit hyzmatdaşlygyny goldamak arkaly durnuklylygyny berkitmek» taslamasynyň («Merkezi Aziýanyň kriosferasy» taslamasy) çäklerinde guraldy. Taslama Bütindünýä Ekologiýa Gaznasy (GEF), BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) hem-de ÝUNESKO tarapyndan maliýeleşdirilýär. Seminara Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan alymlar we hünärmenler gatnaşyp, howanyň üýtgemeginiň buzluklara hem-de suw serişdelerine ýetirýän täsirlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

1

Türkmenistanyň wekiliýeti seminaryň işine işjeň gatnaşdy. Ýurt wekilleri suw serişdelerinden netijeli peýdalanmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, «Altyn Asyr» Türkmen köli taslamasynyň durmuşa geçirilmegi babatynda tejribeleri bilen paýlaşdylar, şeýle hem orta we ýokary okuw mekdeplerinde ekologiýa boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamak işi barada gürrüň berdiler. Bu çykyşlara gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berildi.

2

Seminaryň esasy işi 6-njy awgustda başlanyp, şol gün hünärmenler kriosfera ugry boýunça ýokary bilimi ösdürmek üçin «Ýol kartasy» taslamasyny maslahatlaşdylar. Ýaş hünärmenleriň ýetmezçiligi we akademiki taýýarlyk bilen bazaryň talaplarynyň arasynda boşlugyň bardygy bellenildi.

Indiki gün, 7-nji awgustda, gatnaşyjylar kiçi toparlarda «Kriosfera garaýşy – 2050» atly sebitleýin maksatnamasynyň taslamasyny[ üstünde işlediler. Maksatnama aşakdaky bäş ugra gönükdirilýär:

• Kriosferany öwrenmegiň we gözegçilik etmegiň bitewi usullar ulgamyny uýgunlaşdyrmak we peýdalanmak.

• Kriosfera gözegçilik ulgamyny giňeltmek we kämilleşdirmek.

• Bilelikdäki ylmy barlaglar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek.

• Ilatyň we hünärmenleriň kriosferanyň täsiri barada habarlylygyny üpjün etmek.

• Hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalary kämilleşdirmek.

Seminar 8-nji awgustda «Týan-Şan Halhara» dag stansiýasyna guralan tehniki sapar bilen tamamlandy. Bu ýerde gatnaşyjylar Ýeriň kriosfera gatlagy boýunça halkara ylmy barlag işleri bilen tanyşdylar. Şeýle duşuşyklaryň geçirilmegi howa üýtgemelerine uýgunlaşmak boýunça bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamakda sebitleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026