HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kids Expo 2025: Mugt giriş bilen täsin älemlere syýahat!

Awgust 13, 2025 | 03:25 |10290
Tomusyň iň gyzykly maşgala çäresine taýýar boluň! Awgustyň 21-23-i aralygynda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde sizi Kids Expo garaşýar — hemmäniň özüne ýakyn zat tapyp biljek uly baýramy!Tomusyň iň gyzykly maşgala çäresine taýýar boluň! Awgustyň 21-23-i aralygynda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde sizi Kids Expo garaşýar — hemmäniň özüne ýakyn zat tapyp biljek uly baýramy!
Çeşme: orient.tm

Tomusyň iň gyzykly maşgala çäresine taýýar boluň! Awgustyň 21-23-i aralygynda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde sizi Kids Expo garaşýar — hemmäniň özüne ýakyn zat tapyp biljek uly baýramy! Iň gowy habarymyz: sergä giriş hemmeler üçin mugt!

Iň gowy habarymyz: sergä giriş hemmeler üçin mugt!

Bu ýyl Kids Expo hakykatdanam erteki dünýäsine öwrüler! Jam Creative tarapyndan taýýarlanan gyzykly bäsleşikde çagalar ýörite myhman pasportlaryny alarlar. Sergi boýunça ýörite marşrutdan geçip, kiçi myhmanlar tapşyrklary ýerine ýetirip, möhürleri toplaýarlar. Ýolunyň soňunda bolsa, dürli gatnaşýan kompaniýalardan sowgatlary almaga mümkinçilik gazanarlar! Bu diňe bir gyzykly wagt geçirmek däl, eýsem ýakymly sowgatlar bilen öýe dolanmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Kiçijikler üçin oýunlar we uly gazandylar

6-12 aý aralygyndaky bäbekler arasynda Ynamdar onlaýn kompaniýa tarapyndan emedekleme ýaryşy geçiriler. Bu diňe bir şowhunly bäsleşik däl, eýsem bir ýyllyk Molfix arlyklaryny gazanmak üçin mümkinçilikdir! Gatnaşyň we ýeňşe taýýar boluň!

kids-expo-2025-ashhabad-semejnoe-priklyuchenie.jpg

Erteki bilen syýahat we üýtgeşik sowgatlar

Mundan başga-da, serginiň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistandaky ähli animatorlar we baýramçylyk guramaçylyk kompaniýalary birleşip, ýeke-täk ajaýyp şow programmasyny dörederler. Bir ýere jemlenen animatorlaryň, tansçylaryň we şow görkezilişleriniň iň gowy çykyşlaryny görmäge mümkinçilik bolar!

Maşgalaňyz bilen gyzykly syýahatlara başlaň!

Her burçda başdan geçirmeler garaşýar:

• Kiber Zolagynda: suratlaryňyzy emeli intellekt bilen janlandyryp, gyzykly Sumo robotlaryň söweşini synlap bilersiňiz.

• Kitap Zolagynda: edebiýat bäsleşikleri we seýrek neşirler sizi garaşýar.

toys-that-annoy-parents.jpg

• Master Klass Zolagynda: çagalar özlerini suratkeş ýa-da inžener hökmünde synap görüp bilerler, ene-atalar bolsa Iýmit Zolagyndaky naharlaryň we içgileriň lezzetini çykaryp, dynç alyp bilerler.

Maşgalaňyz bilen ýatdan çykmajak günleri geçimäge mümkinçiligi sypdyrmaň — bu ýerde her bir pursat şatlyk, oýun we täze açyşlar bilen doly bolar!

kids-expo-2025-ashhabad-semejnoe-priklyuchenie (2).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026