

Awstriýa hemişelik bitaraplygynyň 67 ýyllygyny belleýär
Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda näme umumylyk bar? Munuň özi, ilikinji nobatda, iki ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesidir.


Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda näme umumylyk bar? Munuň özi, ilikinji nobatda, iki ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesidir.


Aşgabatda 45 ýurtdan 206 kompaniýanyň, şeýle-de döwlet edaralarynyň, akademiki we diplomatik toparlaryň, maliýe guramalarynyň wekilleri bolan myhmanlaryň 500-den gowragyny bir ýere ýygnan “Türkmenistanyň nebiti we gazy” Halkara forumy energetika bazaryna milli we daşary ýurtly gatnaşyjylaryň innowasion tehnologiýalar we hyzmatlar sergisiniň açylyşy bilen badalga aldy.


Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugy Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesiniň (IRU) «TIR-EPD» bitewi maglumat ulgamy «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynyň «Üstaşyr» moduly bilen birikdirildi we utgaşdyryldy. Bu barada Gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) agronomlary, gök-miwe önüm hojalyklarynyň dolandyryjylaryny, halkara standartlaryny durmuşa geçirmek boýunça maslahatçylary «Global G.A.P. düzgünlerine laýyklykda gök-miwe ekinleriniň zyýankeşlerine we kesellerine garşy göreş çäreleri» atly webinara gatnaşmaga çagyrýar.


Nýu-Jerside ýaşaýan amerikaly žurnalist we bloger Skott Gurian onuň dogduk ştatynda tehniki gözegçiligi geçenligi hakyndaky haty ýelmenen Lexus ulagynyň ABŞ-dan tasdan hem ýer ýüzüniň ýarysy ýaly uzak ýerde – Türkmenistanda peýda bolanlygy barada wideo şekilleri görüp, bu boýunça öz «derňew işini» geçirýär – diýip, News 12 New Jersey habar berýär.


Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky türkmen önüm öndürijileri üçin goňşy ýurtlardan - Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Täjigistandan we Özbegistandan mümkin bolan import edijiler bilen onlaýn duşuşygyny gurady.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasy boýunça Türkmenistandan milli utgaşdyryjy Muhammetgeldi Serdarow «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjylarynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly mejlisine gatnaşdy. Onda CAREC maksatnamasynyň 21-nji Ministrler maslahatynda makullamak üçin hödürlenmäge meýilleşdirilýän 2022-nji ýyl boýunça resminamalara seredildi.


Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanda maýa goýujylar bileleşigini ösdürmek üçin ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän çäreleriň bir bölegi hökmünde maglumat sessiýasyny gurady.


Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti we Türkmenistanyň döwlet energetika instituty özbek kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar we ýokary okuw mekdepleriniň utgaşdyryjylarynyň çykyşlaryny diňlediler, olaryň hatarynda Rusen (Bolgariýa) uniwersiteti hem bar.


Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow harby meýdan türgenleşiklerine syn etdi, onda dürli görnüşli goşun bölümleri söweşjeň taýýarlyklaryny we şahsy düzmiň ussatlygyny görkezdi – diýip, TDH habar berýär.


Aşgabatda howa boýunça ýaşlaryň ikinji maslahaty geçirilip, ol talyplary, ekoişjeňleri we meýletinçileri, akademiki we diplomatik jemgyýetçilikleriň wekillerini bir ýere ýygnady.


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 25-nji oktýabr, sişenbe güni Pusan şäherinde geçirilen "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" 15-nji Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy.


Singapuryň deňiz portunyň bilermenleri Türkmenbaşydaky deňiz portunyň hünärmenleri bilen port hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak boýunça tejribe alyşmak üçin iş sapary bilen Türkmenistana geldiler.


HHR-niň başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilmeginiň 73 ýyllygy mynasybetli gutlagyna jogap hatyny iberdi.


Duşenbe güni, 24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $456 müň we 154,5 million manat bolan 32 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.