Gyrgyzystanyň täze ilçisi Aşgabat şäherine geldi


Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan kabul edilen Gyrgyz Respublikasynyň Aşgabatdaky täze ilçisi Azizbek Madmarow oňa öz ynanç hatlarynyň göçürmesini gowşurdy.
Ministr ilçini bellenmegi bilen gutlady we oňa işinde üstünlik arzuw etdi. Diplomatlar söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine garadylar, ýokary derejede gatnaşyklaryň möhümdigini bellediler we daşary işler ministrlikleriniň derejesinde gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada belläp geçdiler.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işine üns berildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda berilýän habara laýyklykda, elektrik energiýasy, ulag we logistika pudaklarynda, şeýle hem medeni ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Azizbek Madmarow 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Prezident Sadyr Žaparowyň Permany bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi. Bu wezipä bellenmezden ozal ol Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bolup işledi.
ORIENT news








