

Tahyr Ataýewiň orkestri Täze ýylyň öňüsyrasyndaky konserte çagyrýar
30-njy dekabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Tahyr Ataýewiň orkestriniň “Ёлки.FM” atly täze ýylyň öňüsyrasyndaky konserti bolar.


30-njy dekabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Tahyr Ataýewiň orkestriniň “Ёлки.FM” atly täze ýylyň öňüsyrasyndaky konserti bolar.


Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen-saud diplomatik gatnaşyklaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Duşuşyga Saud Arabystany Patyşalgynyň DIM-niň emir Saud Al-Feýsal adyndaky diplomatik barlaglar institutynyň professor mugallymlar düzüminiň wekilleri – Ali Mohammed Al-Karni,


Aşgabada gelen SAP-niň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saudyň hem-de onuň türkmen kärdeşi Raşid Meredowyň, şeýle hem beýleki ýokary wezipeli adamlaryň gatnaşmagynda duşenbe güni Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy.


Russiýanyň meşhur zehinli aýdymçysy JONY Aşgabat şäherine ilkinji gezek konsert programmasy bilen geler. Ol 2019-njy ýylda uly sahna çykdy we derrew köpsanly janköýeriniň söýgüsini gazandy. Köpler bu ýaş artisti “Maska” şousynyň ikinji möwsüminde ýeňiş gazananda tanap galdylar. Oriente mälim bolşy ýaly, onuň çykyşy 27-nji dekabrda bolar.


Wise-premýer, Türkmenistayň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada sapar bilen gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň (SAP) Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmen-saud diplomatik simpoziumyna gatnaşdy.


Duşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow bilen Faýsal bin Farhan Al Saud gepleşik geçirdiler.


“Türkmendemirýollary” agentligi öz müşderilerine onlaýn otly biletlerini gidiljek seneden 15 gün öň satyn alyp boljakdygyny habar berýär.


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Aşgabatda bolýan Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saudy kabul etdi.


Özbegiýanyň Beýik Ýüpek ýolunyň iň möhüm merkezlerinden biri bolan Hywa şäherinde “Mercure” ady bilen täze myhmanhana peýda bolar. Özbegistanyň habarlar gulluklarynyň ýazmagyna görä, ony düzümine "by Mercure"diýen bellikli oteller girýän Accor iri halkara myhmanhana operatory gurar.


Rus demirýollary holdingi (RŽD) Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demirýollary bilen bilelikde 2023-nji ýyl üçin “Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň gündogar ugry boýunça konteýnerleri daşamak üçin peseldilen ýeke-täk bahalary girizýärler diýip, duşenbe güni TASS RŽD-niň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.


Birleşen Arap Emirliklerinde zenanlaryň “Firdaus” atly ilkinji simfoniki orkestri peýda boldy. Emirlikleriň düzüminde dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan zenanlaryň 50-si saz çalýar. Bu barada The National gazeti duşenbe güni habar berdi.


43 metr beýiklikdäki Türkmenistanyň baş täze ýyl arçasy GDA ýurtlarynyň Täze ýyl arçalarynyň arasynda iň beýik diýlip ykrar edildi we birinji ýeri eýeledi. Ýerewanyň arçasy 37 metr, Daşkendiň arçasy – 35 metr, Baku şäherindäki arça - 34 metr we Duşanbe şäherindäki - 30 metr, - diýip, Arkalaşygyň ýurtlarynyň täze ýyl arçalarynyň sanawyny düzen Turstat portaly habar berýär.


Kerki şäheriniň eteginde gurlan täze şaly arassalaýjy kärhana Lebap welaýatynyň Kerki we Halaç etraplaryndan ýygnalan ýokary hilli tüwiniň öndürilmegine ýardam eder – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy STEM ugry boýunça – ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika boýunça halypaçylyk maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligiň dowam edýändigini ýatlatdy. TechWomen 2023.


Türkmenistanda serhetleriň howpsuzlygy boýunça töwekgelçilikleriň derňewi ulgamyny institusional hukuk binýadyna girizmek boýunça ýol kartasyny işläp düzdüler – diýip, Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.