HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň Eýranyň Daşary işler Ministriniň orunbasary bilen duşuşugy

Fewral 06, 2023 | 23:52 |8365
2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Daşary işler ministriniň konsullyk, mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli bilen duşuşugy geçirildi.2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Daşary işler ministriniň konsullyk, mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli bilen duşuşugy geçirildi.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň Eýranyň Daşary işler Ministriniň orunbasary bilen duşuşugy

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Daşary işler ministriniň konsullyk, mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli bilen duşuşugy geçirildi.

Duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmekde iň ýokary we ýokary derejelerdäki duşuşuklaryň möhümdigini bellediler.

Diplomatlar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem halkara we sebit guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň çäklerinde iki ýurduň parlamentleriniň hem-de parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçylarynyň saparlaryny guramak mümkinçiliklerine seretmek teklip edildi.

Diplomatlar şu ýylyň 15-17-nji fewralynda Türkmenistanyň paýtagtynda nobatdaky mejlisi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň işine üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, elektroenergetikada, ulag we nebitgaz pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda şu gün Aşgabatda 15-nji mejlisi geçirilýän Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada aýtdylar. Hususan-da, şu ýylyň 12-14-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilýändigi bellendi.

Diplomatlar şeýle-de şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere hem-de duşuşuklara üns çekdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026