Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi


Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem häkim obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky işleriň barşy barada hasabat berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulan desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynyň gowaça ekiljek meýdanlarynda ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki wagtda gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylýar, pagtaçy kärendeçileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.
Şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýyl gowaça ekiljek meýdanlary möwsüme doly taýýarlamak we bu işleriň depginini güýçlendirmek, ekişde ulanyljak tehnikalary hem-de gurallary abatlamak, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek, pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur işleriň geçirilmelidigini belledi we bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine hem-de welaýatlaryň häkimlerine häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň, şu ýylyň hasyly üçin gowaça hem-de ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmeginiň, ilatly ýerleriň elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň, şeýle hem obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly işiniň möhüm şerti bolan suwdan netijeli peýdalanmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.








