

Gazagystanda göreş boýunça Aziýanyň çempionaty geçiriler
Astanada ulularyň arasynda göreşiň üç görnüşi boýunça Aziýanyň Çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň MOK-niň metbugat gullugy habar berdi.


Astanada ulularyň arasynda göreşiň üç görnüşi boýunça Aziýanyň Çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň MOK-niň metbugat gullugy habar berdi.


Ýakyn geljekde bugdaýyň Russiýadan getirilen«Alekseýewiç» we «Bezostaýa» ýaly sortlary Türkmenistanda ozal ulanylan krasnodar sortlary bolan «Batkony», «Wassany» we «Ýunany» sortlaryny aradan aýrar – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


Anna güni «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Hindistan Respublikasynyň Anipra Impex LTD kompaniýasynyň wekilleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirdi.


Jiangxi LDK Solar Hi-Tech Co Ltd Hytaý kompaniýasy Özbegistanyň Fergana welaýatynda gün panellerini öndürýän zawod gurmak isleýär. Zawodyň jemi bahasy $75 milliona barabar bolar – diýip, Fergana welaýatynyň administrasiýasyna salgylanyp, Renewables now habar berýär.


RGREEN INVEST täze fransuz maýa goýum gaznasy $92,63 million ABŞ-nyň dollary bilen Günbatar we Merkezi Afrikada gün energiýasynyň öndürilmegini maliýeleşdirer – diýip, fransuz gaznasynyň dolandyryjysynyň beýanatyna salgylanyp,Reuters agentligi habar berýär.


Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde Gara deňiz we Balkan sebitleriniň, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň terminallaryna çykalgasy bolan şahalanan, toplumlaýyn, kombinirlenen ulag gatnawynyň döredilmegi üçin çykyş edýär.


Ylym we bilim babatyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow we I. Altinsarin adyndaky mugallymçylyk institutyň rektory Eržan Emirbekuly ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berilýär.


Ýewropanyň ýeňil atletika boýunça birleşmesi tarapyndan weýrançylykly ýer titremäniň netijelerini ýok etmek baradaky tagallalary goldamak üçin Stambulda ýapyk binalarda Ýewropanyň birinjiligini geçiriler. Oýunlar 2023-nji ýylyň 2-nji martyndan 5-nji marty aralygynda Stambulyň Ataköy Athletics Arenasynda geçiriler.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezinde ýurduň gümrük edaralarynyň gulluga täze kabul edilen işgärlerini başlangyç taýýarlamagyň şu ýyldaky ilkinji okuwy başlandy. Bu barada edaranyň resmi saýty habar berýär.


Ählumumy “Ýaşyl ösüş” institutynyň Assambleýasynyň prezidenti hem-de Geňeşiniň Başlygy bolmak bilen, Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýüregimden gutlaýaryn.


Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine şu Konserniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik gullugyny bellenen tertipde Konserniň göni garamagyna almak hem-de ony Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçilik gullugy diýip atlandyrmak tabşyryldy.


Şu gün ýurdumyzda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlaw möwsüminiň çäklerinde, dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak işleri dowam edýär, ýakyn günlerde bolsa olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar.


Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


Striming hyzmaty Netflix beýleki striming-hyzmatlary bilen güýçli bäsdeşligiň netijesinde ýazylýanlaryň kemelip barýan sanynyň artmagyny saklap galmak üçin käbir ýurtlarda ýazylyşygyň bahasyny arzanlatdy – diýip, Reuters habar berýär.


Golaýda ýurtda ilkinji gezek grippiň wirusynyň üstünlikli sekwenirleme tejribesini geçiren türkmen alymlary, möwsümleýin A grippiň patogenleriniň (Р3N2) Türkmenistana Russiýadan, Gazagystandan ýa-da Gyrgyzstandan düşendigini ýüze çykardylar.