HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý Saud Arabystanynyň ŞHG-nyň dialog hyzmatdaşy bolmak kararyny goldaýar

Mart 30, 2023 | 17:06 |8009
“Pekin Saud Arabystanyny Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) dialog hyzmatdaşy derejesini almagy bilen mübärekleýär” – diýip, HHR-nyň DIM-iň resmi wekili Mao Nin penşenbe güni geçirilen brifingde aýtdy.“Pekin Saud Arabystanyny Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) dialog hyzmatdaşy derejesini almagy bilen mübärekleýär” – diýip, HHR-nyň DIM-iň resmi wekili Mao Nin penşenbe güni geçirilen brifingde aýtdy.
Çeşme: yuz.uz

“Pekin Saud Arabystanyny Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) dialog hyzmatdaşy derejesini almagy bilen mübärekleýär” – diýip, HHR-nyň DIM-iň resmi wekili Mao Nin penşenbe güni geçirilen brifingde aýtdy.

Ozal Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saud 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Samarkantda geçirilen ŞHG sammitinde gol çekilen ŞHG-nyň dialog hyzmatdaşy derejesini bermek hakynda memorandumy tassyklady. Saud Arabystanynyň Habarlar gullugynyň (SPA) habaryna görä, bu çözgüt Saud Arabystanynyň Ministrler Kabinetiniň Jiddadaky Al-Salam köşgünde Patyşanyň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlisinde kabul edildi.

Mao Nin: "Biz Saud Arabystanyny Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň dialog hyzmatdaşy bolmagy bilen gutlaýarys, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygy berkitmäge we umumy ösüşi ösdürmage has köp goşant goşmak maksady bilen ŞHG-nyň çäginde Saud Arabystany bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardyrys" - diýdi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylda esaslandyrylan halkara guramasy bolup, onuň düzümine Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Pakistan we Özbegistan girýär, synçy döwletler hökmünde Owganystan, Belarussiýa, Eýran we Mongoliýa, hyzmatdaş ýurt hökmünde Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka gatnaşýar. ŞHG-nyň Samarkantda geçirilen sammitinde Müsüre we Katara dialog hyzmatdaşy derejesini bermek hakynda memorandumlara gol çekildi. Bahreýn, Maldiwler, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri we Mýanma hem dialog hyzmatdaşy derejesini alarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026