

Gaagada Türkmenistanyň OPCW-da täze hemişelik wekili akkreditasiýa edildi
Duşenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Gaagadaky Himiki ýaraglary gadagan etmek Guramasynyň (OPCW) baş edarasynda guramanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.


Duşenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Gaagadaky Himiki ýaraglary gadagan etmek Guramasynyň (OPCW) baş edarasynda guramanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew we Owganystan we Pakistan boýunça Departamentiň müdiri, Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň, Arkalaşygyň we Beýik Britaniýanyň Ösüşi boýunça ýörite wekili Endrýu MakKubri Owganystan meselesinde hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesini ara alyp maslahatlaşdy.


Ýedi günlük eko-lager 10-njy aprelde Amerikan merkezi tarapyndan Aşgabatda gurnalar. Ýaşlar maksatnamasy 8-11-nji synp okuwçylaryny, ýagny 14-18 ýaş aralygyndaky çagalary deň-duşlary bilen gyzykly we öwrenijilikli wagt geçirmäge çagyrýar.


Azerbaýjanda BP kompaniýasynyň uzak aralykdan dolandyrmak mümkinçiligi bolan dünýäde ilkinji deňiz platformasy gurulýar. Bu barada kompaniýanyň Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin prezidenti Gery Jons habar berdi.


Almaty 2023-2024-nji ýyllar üçin ŞHG-nyň medeni we syýahatçylyk paýtagty bolar. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeniýet ministrleri Gazagystanyň Medeniýet we sport ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Ashat Oralowyň ŞHG-nyň medeniýet ministrleriniň onlaýn ýygnagynda şähere täze dereje bermek barada öňe süren teklibini goldadylar – diýip, “Kazinform” Halkara habarlar agentligi habar berýär.


Forbes žurnalynyň wersiýasy boýunça, Louis Vuitton и Dior brendleriniň eýesi Bernar Arno dünýäniň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Telekeçi СЕО Tesla, SpaceX we Twitter-iň lideri Ilon Masky ikinji setire süýşürip, şu ýylky sanawda birinji orny eýeledi. Reýtingiň başy ilkinji gezek fransiýaly raýatyň ady bilen başlanýar.


Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Bahromjon Aloýew duşenbe güni Daşkentde GDA döwletleriniň - Azerbaýjanyň, Belarussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň diplomatlary bilen maslahat duşuşygyny geçirdi. Ýurdumyza ilçi Ýazguly Mämmedow wekilçilik etdi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.


“Türkmenistany Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlaýarys. Dostlukly goňşy we ählitaraplaýyn strategiki hyzmatdaş hökmünde Hytaý Türkmenistany öz milli gymmatlyklaryna laýyk gelýän ösüş ýolunda pugta goldaýar” – diýip, HHR-nyň DIM-iň resmi wekili Mao Nin 4-nji aprelde sişenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda “People's Daily” neşiriniň wekiliniň Türkmenistanda geçirilen soňky parlament saýlawlaryna Hytaýyň berýän teswiri baradaky soragyna beren jogabynda aýtdy.


Özbegistanyň Nawoi şäherinde türki dünýäsiniň Ýazyjylar birleşmesiniň birinji mejlisi geçirildi – diýip, UzA maglumatlar agentligi habar berýär.


Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky «Zenanlar telekeçilikde» maksatnamasynyň çäklerinde Ýewropa Birleşiginiň goldamagynda geçirilýän «Türkmenistanyň zenan telekeçileri üçin halypaçylyk mekdebi 2023» taslamasyna ýazylyşygyň başlanandygyny yglan edýär.


Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy özüniň Instagramdaky hasabynda Ene dilim atly täze rubrika badalga berdi. Onda türkmen diliniň dürli sözlerine seredip geçmekligi meýilleşdirýärler. Bölümde grammatikany öwrenmäge we gündelik sözleýişden parazit sözleri ýok etmäge aýratyn üns berler.


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi öz garamagyndaky medeniýet we bilim edaralarynyň düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek we ýanaşykçäklerini abadanlaşdyrmak boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi.


Türkmenistan Aziýanyň iň täsirli ýurtlarynyň reýtinginde 13-nji setire galdy, şeýle hem umumy reýtingde 25 orun öňe böküp, dünýäde 88-nji orny eýeledi – diýip, TurkicWorld habar berýär.


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň söwda toplumynyň üç günlük sergisi açyldy, onda ýurdumyzyň azyk önümleriniň, halkyň sarp edýän harytlarynyň, senagat önümleriniň, halylaryň we dokma önümleriniňöňdebaryjy öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezýärler.


Amerikanyň Twitter mikroblok serwisi we sosial tory öz logotipini üýtgetdi. Mawy guşjagazyň şekilindäkimeşhur simwol - Dogecoin kriptowalýutasynyň belgisindäki siba-inu tohumyndan bolan itiň şekili çalyşdy.