

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky komissiýanyň mejlisine gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky ykdysady meseleler baradaky Komissiýanyň mejlisine gatnaşdy – diýip, Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky ykdysady meseleler baradaky Komissiýanyň mejlisine gatnaşdy – diýip, Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysy 31-nji martdan 2-nji aprele çenli Antalýada (Türkiýe) geçiriljek «Uly tuwalganyň» ýaryşynda çykyş eder.


Sişenbe güni, 28-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $13,2 mln amerikan dollaryna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaga ýardam etmek Maksatnamasy (BOMKA 10) bilen hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Kinologik gullugyna bahasy 9,8 müň ýewro möçberindäki täze türgenleşik enjamygelip gowuşdy. Bu barada BOMKA-nyň saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 30-njy martda Nýu-Ýorkda geçjek BMG-niň Baş Assambleýasynyň Galyndysyz önümçilik baradaky ýokary derejedäki maslahatyna gatnaşar – diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.


Dürli ministrlikleriň we edaralaryň, Mejlisiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, TürkmenistanyňPrezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri, şeýle hem Aşgabadyň häkimliginiň işgärleri «Sanly ykdysadyýetiň bütindünýä trendleri» atly bäş günlük seminara gatnaşýarlar.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasion-maglumat merkezi (IIS) daşary ýurtdaky ýokary okuw mekdebini tamamlan uçurymlara Türkmenistanyň çäklerinde öz hünärini ykrar etdirmäge kömek eder.


Germaniýanyň Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ) agentligi(Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti) Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde AHHG-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin hyzmatdaşlyk barada iň gowy infografika üçin bäsleşik yglan edýär.


ABŞ-nyň USAID Halkara ösüş agentligi türkmen önüm öndürijileriniň Trade Promotion Service Providers başlangyjy arkaly halkara bazarlaryna çykmagyna ýardam edýär, ol hususy pudak üçin maslahat beriş hyzmatlarynyň bir bölegini öz üstüne alýar.


Seulda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy, wekiliýetiň düzümine Medeniýet ministrliginiň wekilleri, sungat ussatlary, meşhur aýdym-saz toparlary, alymlar, mugallymlar we döredijilik ugrundan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary girdiler.


Parlamentiň aşaky palatasyny - Gazagystanyň Majilisiniň täze düzüminiň saýlanmagyndan soňra ýurduň hökümeti Alihan Smailowyň baştutanlygynda öz ygtyýarlyklaryny tabşyrdy - diýip, ýurduň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň metbugatgullugy habar berýär.


Türkiýäniň Maşatdaky Baş konsuly Fatih Topçu Eýranyň resmi adamlary bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça türk ýük daşaýjylarynyň Türkmenistan bilen araçäkdäki Lýutfabad gümrüginde uzak wagtlap garaşmak meselesini çözmegi başardy –diýip, Daily Sabah habar berýär.


Şotlandiýanyň milli partiýasynyň lideri Ýusuf Hamza Şotlandiýanyň hökümetiniň baştutany we syýasy lideri edilip saýlandy. Resmi taýdan onuň wezipesine «birinji ministr» diýilýär, resmi däl görnüşde bolsa – premýer-ministr diýilýär. Bu wezipäni Şotlandiýada ilkinji gezek musulman eýeledi – diýip, Sky News ýazýar.


Türkmen agyr atletikaçysy Medine Amanowa Durresde (Albaniýa) geçirilýän 2023-nji ýylyňýetginjekler dünýä çempionatynda altyn medal gazandy.


Pekinde Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Hytaýyň nebit uniwersitetiniň rektoryhanym Wu Sýaolin bilen duşuşdy.