HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň ilçihanasynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 31 ýyllygyny belläp geçdiler

Maý 02, 2023 | 14:27 |6394
Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.
Çeşme: Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Çäräniň çäklerinde ýygnananlara ilçihananyň täze tugrasyny görkezdiler. «Tugra tutuş taryhy[ dowamynda döräp geçen 16 sany garaşsyz türk döwletlerini aňladýan 16 sany ýyldyz bilen bezelendir. Biziň nyşanymyz bütin dünýä boýunça ýaýran beýleki türk ilçihanalarynyňka meňzeş, ýöne bu ýerde ol başga mana eýe bolýar. Sebäbi bu ýyldyzlaryň köpüsi biziň Türkmenistan bilen umymy taryhymyzyň müň ýylyny alamatlandyrýar» - diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral belledi.

Mundan başga-da, ilçi ýygnananlaryň öňünde eden çykyşynda ilçihana döredilen wagtyndan bäri Türkiýäniň we Türkmenistanyň doganlyk halklarynyň taryhy, medeni, dil, dini we garyndaşlyk arabaglanyşyklaryna esaslanýan görelde alarlyk gatnaşyklary bilen tapawutlanýandygyny belledi.

Çäräniň barşynda şeýle hem Türkiýäniň diplomatik gullugynyň 500 ýyllygyna we Aşgabatda ilçihananyň açylmagynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan fotosergi açyldy.

1992-nji ýylyň 2-nji maýynda türkmen paýtagtynda açylan Türkiýäniň ilçihanasy garaşsyz Türkmenistandaky ilkinji ilçihanadyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026