HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň käbir etraplarynda ýagyş ýagmagyna we howanyň temperaturasynyň peselmegine garaşylýar

Maý 02, 2023 | 12:38 |6512
Maýyň ilkinji günleriniň gelmegi bilen, Türkmenistanyň çäklerinde uzak wagtlap dowam eden yssy howadan soňra howanyň temperaturasynyň ep-esli peselmegine we käbir ýerlerde tupan turup, ýagyş ýagmagyna garaşylýar – diýip, Meteožurnal habar berýär.Maýyň ilkinji günleriniň gelmegi bilen, Türkmenistanyň çäklerinde uzak wagtlap dowam eden yssy howadan soňra howanyň temperaturasynyň ep-esli peselmegine we käbir ýerlerde tupan turup, ýagyş ýagmagyna garaşylýar – diýip, Meteožurnal habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Maýyň ilkinji günleriniň gelmegi bilen, Türkmenistanyň çäklerinde uzak wagtlap dowam eden yssy howadan soňra howanyň temperaturasynyň ep-esli peselmegine we käbir ýerlerde tupan turup, ýagyş ýagmagyna garaşylýar – diýip, Meteožurnal habar berýär.

Hepdäniň ortasynda we ahyrynda etraplaryň birnäçesinde gije-gündiziň ortaça temperaturasy kadadan aşak bolar. Balkan welaýatynyň daglyk we dag etegi etraplarynda we Ahal welaýatynyň käbir ýerlerinde 15-30 mm çenli ýagyş ýagmagy mümkin.

Howanyň sowamagy Russiýanyň Ýewropa çäginden sowuk howa akymlarynyň çykyp, Merkezi Aziýa antisiklonyň demirgazyk we gündogar çäklerinden geçmegi sebäpli bolup geçýär.

Sişenbe güni sowuk we çygly howa akymlarynyň girmegi sebäpli, Balkan, şeýle hem Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň bir böleginde temperaturanyň ep-esli peselmegine garaşylýar.

Balkan welaýatynda gündizine +14...+19, welaýatyň gündogarynda +19...+24 gradus bolar. Ahal welaýatynda +23...+28 gradusdan +30...+35 gradusa çenli maýyl bolar. Lebap we Mary welaýatlarynda gündizine - +32...+37 gradus maýyl bolar.

Çabgaly ýagyşlar we tupan Balkan welaýatynda garaşylýar. Günüň ikinji ýarymynda Ahal we Daşoguz welaýatlarynda ýagyn ýagmagy mümkin.

Balkan welaýatynda tizligi 13-18 m/s ýetýän güýçli ýel bolar. Günüň ikinji ýarymynda we agşam Ahal welaýatynda (17-22 m/s çenli) we Daşoguz welaýatynda (13-18 m/s çenli) güýçli ýeliň bolmagyna garaşylýar.

2-nji maýdan 3-nji maýa geçelýän gije tizligi 15-20 m/s ýetýän ýeller Mary welaýatyna hem baryp ýeter.

Çarşenbe güni gije Balkan welaýatynda +11...+16 gradusa çenli salkyn bolar. Gündizine +18...+23, kenarýaka etraplarda +14...+19 gradusa çenli maýyl bolar. Ahal welaýatynda +23...+28 gradus maýyl bolar, Daşoguzda +24...+29, Türkmenistanyň gündogarynda we günorta-gündogarynda +29...+34 gradus maýyl bolar.

Günüň ikinji ýarymynda çabgaly ýagyşlar we tupan Balkan, Ahal we Daşoguz welaýatynyň käbir ýerlerinde bolup biler.

Penşenbe-anna günleri ýagyşlara, käbir ýerlerde dürli ýygylykdaky tupanlara Türkmenistanyň welaýatlarynyň köpüsinde garaşylýar. Penşenbe güni Ahal, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda howa güýçli sowar. Howanyň temperaturasy käbir ýerlerde +14...+19 gradusa çenli pese düşer.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026