

Türkmenistan bilen Zambiýa bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistan bilen Zambiýanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ýokary bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda talyp alyş-çalşygy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň bilim ulgamynyň degişli hünärmenleri bu çäräniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin ähmiýetini nygtaýan gepleşiklere gatnaşdy.


















