HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi

Oktýabr 10, 2024 | 12:45 |7527
Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.
Paýtagtyň Halkara howa menzilinde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.
Paýtagtyň Halkara howa menzilinde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.
Çeşme: akorda.kz

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Paýtagtyň Halkara howa menzilinde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Uçaryň öňünde dostlukly döwletiň Baştutanyna milli lybasly çagalar duz-çörek hödür edýärler we gül desselerini gowşurdylar.

TDH agentligiň habaryna görä, howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Gazagystanyň Baştutanynyň Türkmenistana şu gezekki saparynyň netijeleriniň hem-de Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki gepleşikleriň möhüm waka boljakdygyna we uzakmöhletli geljegi nazara almak, iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Kasym-Žomart Tokaýew myhmansöýerligi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna minnetdarlyk bildirdi we Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge şahsy goşandyny belläp geçdi diýip, “Akorda” habar berýär.

Gazak-Türkmen gatnaşyklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw ruhunda ösýändigi nygtaldy. Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin niýetlenendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

21:45 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026