HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärliginiň açdylar

Oktýabr 10, 2024 | 13:05 |9381
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Çeşme: akorda.kz

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Kasym-Žomart Tokaýew Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Onuň sözlerine görä, bu sylagy iki halkyň arasyndaky özara düşünişmegiň we dostlugyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi diýip, “Akorda” metbugat gullugy habar berýär.

Muny türkmen doganlarymyzyň gazak halkyna aýratyn hormat-sarpasynyň aýdyň nyşany hasaplaýaryn diýip, Tokaýew aýtdy. Şu ýyl Astanada döredijili türki halklaryň ählisi üçin umumy bolan türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açyldy.

“Abaýyň we Magtymgulynyň eserleri – bu türki medeniýetiň gymmatlygydyr. Biziň umumy borjumyz – bu gymmatlygy aýawly saklamakdan, geljek nesillere ýetirmekden ybaratdyr. Iki beýik şahyryň şygryýetinde dowamatlylygyň mysallary örän köpdür. Biziň halklarymyzy bitewi kökler, umumy taryh, diliň we medeniýetiň meňzeşligi baglanyşdyrýar. Şu mizemez binýadyň esasynda biz berk hem sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýduk. Şol gatnaşyklar häzirki wagtda strategik hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdürilýär. Meniň Türkmenistana şu günki resmi saparym munuň aýdyň mysalydyr. Beýik Abaýyň ýadygärliginiň gazak-türkmen dostlugynyň nyşanyna öwrüljekdigine ynanýaryn” – diýip Gazagystanyň Prezidenti aýtdy.

Iki doganlyk halkyň taryhy-medeni durmuşynda öçmejek yz galdyran meşhur şahsyýetleriň, akyldarlaryň, şahyrlaryň mirasyny aýawly saklamak, boýunça alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýedir, diýip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

“Biziň halklarymyzyň dünýäniň medeni-ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşdular. Şoňa görä-de, bu medeni mirasy düýpli öwrenmek, giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar” – diýip türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Dabara Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetleri, medeniýet, sungat işgärleri gatnaşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026
Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

15:52 Iýun 24, 2026
Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

15:48 Iýun 24, 2026