

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: ýeňil senagat we nebit himiýa önümleri satyn alyndy
16-njy oktýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde ýeňil senagat we nebit himiýa önümleri satyn alyndy.


16-njy oktýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde ýeňil senagat we nebit himiýa önümleri satyn alyndy.


16-njy oktýabrda paýtagtymyzyň “Arçabil” mynmanhanasynda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk býunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirilýär.


Yslamabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň arasynda duşuşyk geçirildi.


Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Parižde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 220-nji sessiýasy öz işine başlady. Çäräniň barşynda geçen sessiýalaryň dowamynda Ýerine ýetiriji geňeş we Baş konferensiýa tarapyndan kabul edilen çözgütleriň we kararnamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly gün tertibiniň 30-dan gowrak meseleleriniň, maliýe, administratiw we beýleki soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň Daşary ýurtlylar üçin Peruja uniwersiteti bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdi.


14-nji oktýabrda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde nebit himiýa we ýeňil senagat önümleri satyn alyndy.


Aşgabatda 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi.


Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.


Şu gün Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji oktýabrda “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyna gatnaşan döwlet Baştutanlary bilen iki taraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.


11-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýranyň, Pakistanyň hem-de Ermenistanyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.


11-nji oktýabrda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit himiýa we ýeňil senagat önümleri satyn alyndy.


Aşgabatda “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” forumynda çykyş edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýygnananlary Kazanda geçiriljek BRIKS sammitine gatnaşmaga çagyrdy.


Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlar bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr, şonuň üçin hem, şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar, - diýip Türkmenistanyň Prezidenti “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumynda çykyş etdi.


Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly Halkara maslahatynyň umumy mejlisi geçirildi.