Habarlar

ÝHHG Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň kinologlary üçin gözükdirijileri taýýarlaýyş okuwlaryny geçirdiÝHHG Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň kinologlary üçin gözükdirijileri taýýarlaýyş okuwlaryny geçirdi

ÝHHG Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň kinologlary üçin gözükdirijileri taýýarlaýyş okuwlaryny geçirdi

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäherinde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň kinologlary üçin gözükdirijileri taýýarlaýyş okuwlary açyldy. Bäş günlük okuwlara 24 adam, şol sanda serhetçi-kinologlar, weterinarlar we itçilik boýunça hünärmenler gatnaşýar.

Parahatçylykly Moda: "Turkmentextile Expo-2025" halkara sergi-ýarmarkasyParahatçylykly Moda: "Turkmentextile Expo-2025" halkara sergi-ýarmarkasy

Parahatçylykly Moda: "Turkmentextile Expo-2025" halkara sergi-ýarmarkasy

2025-nji ýylyň 11-13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde dünýäniň dürli künjeginden dokma senagatynyň wekilleri jemlenip, pudagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, tejribe alyşarlar we özara bähbitli şertnamalary baglaşarlar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we "Türkmen ekspo" hususy kärhanasy bilen bilelikde "Turkmentextile Expo-2025" atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýar

Pekinde Bahar baýramy we Çyrajyklar baýramçylygy mynasybetli ŞHG-niñ medeni agşamy geçirildiPekinde Bahar baýramy we Çyrajyklar baýramçylygy mynasybetli ŞHG-niñ medeni agşamy geçirildi

Pekinde Bahar baýramy we Çyrajyklar baýramçylygy mynasybetli ŞHG-niñ medeni agşamy geçirildi

2025-nji ýylyñ 14-nji fewralynda Pekinde Bahar baýramy we Çyrajyklar baýramçylygy mynasybetli Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ (ŞHG) medeni agşamy geçirildi. Bu çäre ŞHG-niñ diplomatlaryny, olaryñ maşgalalaryny, şeýle-de ŞHG Sekretariatynyñ hem-de ŞHG-niñ Hoşniýetli goñşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky Hytaý komitetiniñ işgärlerini ýygnady.

Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrow ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek barada ylalaşdylarRaşid Meredow bilen Sergeý Lawrow ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek barada ylalaşdylar

Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrow ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek barada ylalaşdylar

14-nji fewralda, anna güni Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrow taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar