HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýä jemgyýetçiligi Aşgabatda sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň ornyny ara alyp maslahatlaşdy

Mart 20, 2025 | 06:30 |5548
Aşgabatda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat uly üstünlik bilen geçirildiAşgabatda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat uly üstünlik bilen geçirildi
Çeşme: tdh.gov.tm

Aşgabatda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat uly üstünlik bilen geçirildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşyp, bu ýerde esasy beýannama bilen çykyş etmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýandygyny aýratyn nygtap, şu ýyly deňhukuklylygyň, özara bähbitlilik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan halkara ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin ulanylmaga çagyrdy. Uly göwrümli ykdysady taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň bu ýörelgelere gönüden-göni baglydygyny we adalatly geoykdysady gurşawy döretmek üçin halkara guramalarynyň işjeň gatnaşmagy bilen ählumumy çemeleşmäni talap edýändigine ünsi çekdi.

20032025-ashhabad-rol-mezhregionalnogo-ekonomicheskogo-sotrudnichestva (2).jpg

Maslahata Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň şeýle hem diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň maksatnamasynyň çäginde sebitleýin we halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň iň möhüm meselelerine bagyşlanan mowzuklaýyn mejlisler geçirildi. Birinji mejlisde Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra foruma gatnaşyjylar öz işini “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri” hem-de “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky orny we ähmiýeti” atly mejlislerde dowam etdi. Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerindäki ulag baglanyşyklary we maliýe institutlarynyň bu sebitlerde geljegi uly ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy meselesine aýratyn üns berildi.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyň netijili işiniň ahyrynda, gatnaşyjylaryň esasy ylalaşyklaryny we meýillerini görkezýän Jemleýji resminama kabul edildi.

20032025-ashhabad-rol-mezhregionalnogo-ekonomicheskogo-sotrudnichestva (1).jpg

Şeýle hem forumyň meýdançasynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Duşuşyklaryň dowamynda ýakyn we uzak möhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça jikme-jik pikir alşyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026