HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumynyň esasy wezipelerini kesgitledi

Sentýabr 24, 2023 | 16:27 |6991
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi.

Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar şeýle hem ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

«Biz gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris» – diýip, TDH Türkmenistanyň Prezidentiniň sözlerine salgylanýar.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda magdan däl gurluşyk materiallaryny, sementi, keramziti, gurluşyk aýnasyny öndürmekde oňyn tejribe toplandy.

«Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenbaşy–Farap we Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynda 545 million 55 müň manatlyk düýpli maýa goýumlary özleşdiriler» – diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Prezidentimiziň pikirine görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda senagatyň aýry-aýry ugurlaryny ösdürmeli.

«Senagat marketingini, halkara bazarlaryna çykmagyň, bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň, dolandyryş tejribesini kämilleşdirmegiň ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň bilelikdäki taslamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamaly» – diýip, döwlet Baştutany nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026