

“PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy tehniki howpsuzlyk we deňiz amallary boýunça okuw maslahatlaryny gurady
“PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň inženerleri üçin “Tehniki howpsuzlyk we deňiz amallary” atly tema boýunça gysga möhletleýin okuw maslahatyny gurady diýip, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň saýtynda habar berilýär.



















