Habarlar

Mary welaýatynyň Şatlyk gaz ýatagynda gaz gysyjy desgasy gurularMary welaýatynyň Şatlyk gaz ýatagynda gaz gysyjy desgasy gurular

Mary welaýatynyň Şatlyk gaz ýatagynda gaz gysyjy desgasy gurular

Mary welaýatynyň Şatlyk gaz ýatagynda gaz gysyjy desgasy gurular. Bu taslama Türkiýeniň “Çalık Enerji Sanayı ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Anna güni Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” Döwlet konsernine Şatlyk-1 gaz gysyjy desgasynyň taslama, gurluşyk we enjamlaşdyrma işlerini ýerine ýetirmek üçin bu kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga rugsat berýän Karara gol çekdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Taýlandyň port gözegçiliginiň zenan hünärmenleri tejribe alyşdylarMerkezi Aziýa ýurtlarynyň we Taýlandyň port gözegçiliginiň zenan hünärmenleri tejribe alyşdylar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Taýlandyň port gözegçiliginiň zenan hünärmenleri tejribe alyşdylar

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň gümrük gulluklarynyň zenan hünärmenleri Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Zenan torlarynyň Ählumumy Maksatnamasynyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň “Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça” Ählumumy Maksatnamasynyň çäklerinde gurnalan Taýlanda sapary amala aşyrdylar.

TIF 2024: Türkmenistan we BMG toplumlaýyn maliýeleşdiriş ulgamynyň ýolundaTIF 2024: Türkmenistan we BMG toplumlaýyn maliýeleşdiriş ulgamynyň ýolunda

TIF 2024: Türkmenistan we BMG toplumlaýyn maliýeleşdiriş ulgamynyň ýolunda

Golaýda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024) bilen bir wagtda möhüm wakany öz içine alýan çäreni ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Bilelikdäki bilermenler toparynyň mejlisini geçirmegi meýilleşdirilýär. Duşuşygyň mowzugy Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş ulgamynyň (TMMU) döredilmegi bolar. Bu çäre, esasy döwlet edaralarynyň wekillerini, halkara guramalaryny we bilermenlerini bir ýere jemläp, ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryna netijeli ýetmegiň ýollaryny we strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşar.

Türkmenistan we Gyrgyzystan Hytaýdan Hazara çenli ulag geçelegesi baradaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylarTürkmenistan we Gyrgyzystan Hytaýdan Hazara çenli ulag geçelegesi baradaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Gyrgyzystan Hytaýdan Hazara çenli ulag geçelegesi baradaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Bişkekde Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nury Golliýew bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýewiň arasynda 27-nji awgustda bolup geçen duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň we sebit hyzmatdaşlygynyň esasy başlangyçlary we taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.