HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2024-nji ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 11,3% ýokarlandy

Noýabr 11, 2024 | 18:50 |10136
Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ýokarlanyp, $867,8 milliona barabar boldyÖzbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ýokarlanyp, $867,8 milliona barabar boldy
Çeşme: dunyo.info

Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ýokarlanyp, $867,8 milliona barabar boldy. Bu, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ($830,3 mln) 1,8% ýokarydyr.

Şeýlelik bilen, Türkmenistan şu ýylyň dokuz aýynda Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda ilkinji onlugynda 6-njy orny eýeledi. Şol bir wagtyň özünde söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen önümleriniň goňşy ýurda iberilmeginden ybaratdyr.

Ýagny Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 780,6 million ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy, bu bolsa 2023-nji ýyldakydan 11,3% köpdir.

20–21-nji noýabrda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň sergisi we Türkmenistan bilen Özbegistanyň sebitara forumy geçiriler.

Şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde “ Türkmenistanda öndürilen ” atly türkmen harytlarynyň milli sergisi uly üstünlik bilen geçirildi.

Ýakynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň ulag edaralary iki ýurduň arasynda ýük daşamagy çaltlaşdyrmak maksady bilen “E-Permit” elektron resminamalaryň alyş-çalşygyny girizmek barada ylalaşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026