Habarlar

Sian Aşgabat şäherine howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýärSian Aşgabat şäherine howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Sian Aşgabat şäherine howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Sian – Hytaýyň merkezindäki esasy şäher we Şensi welaýatynyň paýtagty ýakyn wagtda Aşgabat we Duşanbe howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Sian Ösüş we Özgertmeler toparynyň müdiriniň orunbasary Wan Kaý şenbe güni: «Ýük gatnawlary gaýtadan dikeldildi hem-de açyldy we biz Merkezi Aziýa sebitiniň bäş ýurduny doly gurşap almak üçin gysga wagtda Merkezi Aziýa ýurtlaryna – Duşanbe, Täjigistan we Aşgabat, Türkmenistan ýurtlaryna iki täze gatnawy açarys», - diýdi diýip, Economic Daily habar berýär.

Gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 1-nji "Merkezi Aziýa-Hytaý" duşuşygy geçirildiGümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 1-nji "Merkezi Aziýa-Hytaý" duşuşygy geçirildi

Gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 1-nji "Merkezi Aziýa-Hytaý" duşuşygy geçirildi

Gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň “Merkezi Aziýa-Hytaý’ formatynda ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň ýolbaşçysynyň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.