

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy 1-nji noýabra çenli taýýarlanar
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlär. Bu barada Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen hökümetiniň şenbe güni geçirilen mejlisinde gol çekdi.



















