

ÝTÖB-nyň prezidenti «ÝB— Merkezi Aziýa» Ikinji ykdysady forumda çykyş eder
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti Odil Reno-Basso 19-njy maýda Almatyda geçjek «Merkezi Aziýa- Ýewropa Birleşigi» Ikinji ykdysady forumyna gatnaşar.


Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti Odil Reno-Basso 19-njy maýda Almatyda geçjek «Merkezi Aziýa- Ýewropa Birleşigi» Ikinji ykdysady forumyna gatnaşar.


Türkmenistan Kazanda boljak «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna wekilçiikli wekiliýeti ugradar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň baştutany Rustam Minnihanow bilen telefon söhbetdeşliginiň barşynda aýtdy – diýip, TR-nyň raisiniň saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi paýtagtdaky iri lukmançylyk edaralary üçin täze lukmançylyk serişdelerini, reaktiwleri we enjamlary satyn almak boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, resmi türkmen metbugaty habar berýär.


Türkmenistanň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi, şoňa laýyklykda senagat gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek boýunça işleri ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama tassyklanyldy – diýip, resmi türkmen metbugaty habar berýär.


Duşenbe güni, 15-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,7 mln amerikan dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy - diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


USAID-iň Merkezi Aziýada söwda (TCA) maksatnamasynyň ýardam etmeginde «Türkmen Logistika» birleşmesi CILT Central Asia bilen bilelikde türkmen hünärmenleri üçin logistikada ätiýaçlandyryş boýunça seminarlary guraýar.


17-nji maýda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça Central Asia Gateway sebitleýin portala we Ready4Trade Merkezi Aziýa Taslamasynyň eksport we halkara söwdasy boýunça okuw maksatnamasyna badalga berilmegi mynasybetli metbugat-maslahaty geçiriler. Taslama Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär we Halkara söwda merkezi (HSM) tarapyndan ýerine ýetirilýär.


OPEK guramasynyň baş sekretary Haýsam al-Gaýs pudaga goýulýan maýa goýumlarynyň ýetmezçiligi sebäpli, bütindünýä energetika ulgamynyň durnuklylygynyň «soragly mesele» bolup galýar – diýip, beýan etdi. Bu barada Emarat Al Youm gazeti habar berýär.


Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny we eksport üçin jogapkär işgärleri Aşgabatda 8-nji iýundan 20-nji iýula çenli geçiriljek Eksportyň mekdebine çagyrýar.


15-nji maýda türkmen paýtagtynda Halkara demir ýol üstaşyr nurhnamasy hakynda Şertnamanyň (MTT) taraplarynyň wekilleriniň XXXIV Maslahaty açyldy.


Türkmenistandan eksport edilýän harytlar 2024-nji ýylda $15,1 mlrd töweregi bolar, import bolsa — $9,9 mlrd amerikan dollaryna deň bolar. Ýurduň daşary söwda dolanyşygynyň oňyn saldosy $5,2 mlrd amerikan dollaryna ýeter. Halkara walýuta gaznasy şeýle çaklamaly hasabaty aýan etdi.


Şenbe güni, 13-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $22,6 mln amerikan dollaryna we 31,5 müň türkmen manadyna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Hytaý ilkinji gezek bu görkeziji boýunça Ýaponiýadan we Germaniýadan öňe geçip, dünýäde iri awtoulag eksport ediji ýurt boldy. 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaý jemi 1,069 mln awtoulag, Ýaponiýa bolsa —1, 047 mln awtoulag eksport etdi.


Türkmenistanda ýetip gelýän bugdaý hasylyny ýygnamak üçin 2 müň 62 kombaýn taýýarlandy. Kampaniýa göçme ussahanaly 417 abatlaýyş-sazlaýyş topary tarapyndan hyzmat berlip, olaryň ygtyýarynda zerur gurallar we ulaglar bolar.


Türkmenistanda 2023-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi.