

TDHÇMB-däki söwdalaşyklar: içerki bazarda çig-ýüpek satyldy
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 37 245 000,00 manada deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.


Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 37 245 000,00 manada deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.


Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde "Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň" taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.


“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň işgärleri Türkmenistanyň sebitleriniň çäginde agyz suw ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça işleri geçirýärler.


Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow mälim etdi.


“Gumdag” ýatagynda nebiti çykarmagyň möçberi 2022-nji ýyl bilen ýyl bilen deňeşdirilende 15,5 göterim artdy diýip “Türkmenistan” gazeti habar berýär.


Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 277 500,00 manada we 1 500 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.


“EastFruit” neşiriniň bilermenleri Türkmenistanyň ýyladyşhana işewürliginiň çalt depginde öz gerimini giňeldýändigine birnäçe gezek ünsi çekdiler.


Germaniýanyň tehniki uglerod üpjün ediji “PentaCarbon” kompaniýasy “Eziz Dag” atly türkmen hususy kärhanasy bilen ylalaşyk baglaşdy.


Eýranyň nebit ministri Jawad Oji iki günlük Aşgabatda saparda bolup, Türkmenistan bilen gaz we nebit önümleriniň söwdasy, inžener-tehniki hyzmatlarynyň we nebit enjamlarynyň eksporty boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gepleşikler geçirdi. Bu barada IRNA agentligi Eýranyň nebit we gaz edarasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.


Türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk-Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerinde, bu ýerde hereket edýän edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň serhet wekilleriniň duşuşygy geçirildi.


“Türkmenistan” we “Magtymguly” atly ýük gämileri 2024-nji ýyldaky ilkinji halkara ýüzüşini Bakuwyň deňiz portuna amala aşyrdylar.


Balkan welaýat häkimliginiň Gurluşyk müdirligi welaýatyň çäginde binalary, inžener ulgamlaryny gurmak we şäherleri, obalary abadanlaşdyrmak işlerine gatnaşjak potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi.


Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Balkan welaýatynda ýylylyk we ses geçirmeýän plitalary, düşekçeleri hem-de üznüksiz süýümleri öndürýän kärhanany gurmagyň tehniki-ykdysady esaslaryny taýýarlamak boýunça açyk halkara bäsleşigini yglan etdi.


Bellenişi ýaly, degişli kiçi elektrik bekediniň önümçilik kuwwatyny 110-dan 220 kilowolta çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar.


Özbegistan – dünýädäki «deňze iki esse çykalgasy bolmadyk», ýagny Dünýä ummanyna çykmak üçin azyndan iki döwletiň üstünden geçmeli iki ýurduň biridir. Şonuň üçin häzirki wagtda Özbegistanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň 2035-nji ýyla çenli Strategiýasynda ýerli ýükleriň deňiz portlaryna has tiz çykmagy üçin ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn üns berilýär.