HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarus Hazar deňzinden konteýner ýükleriniň daşalşynyň mümkinçiligine seredýär

Fewral 08, 2024 | 21:53 |7447
“Lotos” ÝYZ-nyň (Ýörite ykdysady zona) metbugat gullugynyň habaryna görä, premýer-ministr Roman Golowçenkonyň ýolbaşçylygyndaky Belarus Respublikasynyň wekiliýeti Astrahan sebitine baryp gördi.“Lotos” ÝYZ-nyň (Ýörite ykdysady zona) metbugat gullugynyň habaryna görä, premýer-ministr Roman Golowçenkonyň ýolbaşçylygyndaky Belarus Respublikasynyň wekiliýeti Astrahan sebitine baryp gördi.
Çeşme: paluba.media

“Lotos” ÝYZ-nyň (Ýörite ykdysady zona) metbugat gullugynyň habaryna görä, premýer-ministr Roman Golowçenkonyň ýolbaşçylygyndaky Belarus Respublikasynyň wekiliýeti Astrahan sebitine baryp gördi.

Taraplar sebitiň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçirilen duşuşykda “Demirgazyk-Günorta” Halkara ulag geçelgesi (HUG) boýunça ýük daşamagy ösdürmek we “Lotos” ÝYZ-da önümçiligiň lokalizasiýasy ýaly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Belarus tarapynyň wekilleriniň Astrahanyň port desgalary arkaly ýük daşamagy artdyrmak isleýändikleri bellendi.

Belarus Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Dmitriý Krutoý, Belarusdan Astrahana, soňra bolsa, “Demirgazyk-Günorta” HUG arkaly Eýrana, Hindistana ýükleri eltip bermek üçin netijeli ortaça nyrhy tapmagyň zerurdygyny aýtdy.

“Lotos” paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory Sergeý Miluşkin portuň ÝYZ-nyň ösüşi barada çykyş etdi, ilkinji tapgyrynyň başlanmagy bilen Belarusdan konteýner ýüklerini hem öz içine alyp bolar.

Miluşkiniň pikiriçe, gözegçilik nokady şu ýazda işe girizilen badyna konteýnerleriň ilkinji synagyna başlamak meýilnamasy bar. Ol "Logistika kompaniýalary bilen bir hatarda Demirgazyk-Günorta HUG deňiz ýoly üçin bäsdeşlik nyrhy işlenip düzülýär"-diýdi. - Uzak wagt bäri, Belarusly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk edýäris we portuň ÝYZ-nyň üsti bilen Hazarýaka ýurtlaryna, hatda Hindistana hem Belarus önümleriniň iberilmeginde we Lotus ÝYZ-yň çäginde önümçiligiň lokallaşdyrylmagynda geljegini görýäris.

"Biz şu ýylyň ýazyndan Belarusdan Hazarüsti ugry boýunça harytlaryň synag görnüşini geçirmäge taýyn, şeýle hem Belarus hyzmatdaşlaryny ÝYZ portunyň ikinji tapgyrynyň taslamalaryna gatnaşmagyny göz öňünde tutmak isleýäris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026