

GDA-da "Arkalaşygyñ moda paýtagty" atly maksatnamasynyñ döredilmegi mümkin
Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynda "Arkalaşygyñ moda paýtagty" atly täze döwletara maksatnamasyny döretmegi meýilleşdirýärler.


Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynda "Arkalaşygyñ moda paýtagty" atly täze döwletara maksatnamasyny döretmegi meýilleşdirýärler.


Türkmenistanda ýetip gelýän dynç günleri ýurduň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny baý mazmunly medeni çäreler bilen begendirer. Bu sanawda – daşary ýurtly sazandalaryň gatnaşmagyndaky konsertler, simfoniki orkestrleriň çykyşlary, şeýle hem ajaýyp oýunlar bar.


Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 22-nji we 23-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Koreýanyň Medeniýet günleriniň geçirilýändigini begençli ýagdaýda habar berýär.


Türkmenistan özüniñ dokma önümçiliginiñ baý däpleri bilen meşhur bolup, Forumda egin-eşikleriñ özboluşly milli görnüşini görkezýär.


Golaýda Aşgabatda geçirilen “Gorkut ata” atly IV halkara kinofestiwalynda “Iň oňat çeper film” diýlip ykrar edilen “Magtymguly Pyragy” atly türkmen we özbek filmi indi Almatydaky “Ýewraziýa” kinoforumynda görkeziler


Noýabr aýynyň 22-ne Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkmenistandaky Germaniýanyň ilçihanasy tarapyndan guralan dabaraly konsert geçiriler. Medeni çäre däp nemes sazynyň ajaýyp eserlerini hödürlär.


Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gezekki döredijilik çäresi hem munuň aýdyň güwäsidir.


2024-nji ýylyň iýulynda Aşgabatda üstünlikli başlanan we hatda ýurduň çäginden çykyp, Moskwanyň Edebiýat institutyna çenli baryp ýeten “Sungatyň çatrygy” çeper taslamasy öz işini dowam etdirýär. Onuň maksady sungatyň dürli görnüşlerini birleşdirmek we jemgyýeti ýaş zehinler bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr
Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Myhmanlara Özbegistanyň sungat ussatlarynyň konserti görkeziler


15-nji noýabrda, anna güni Türkmenistanyň DIM-inde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşendigi bellenildi we gepleşikleriň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy


Şeýlelikde, 16-njy noýabrda jemleýji dabaranyň, ýagny TÜRKSOÝ guramasyna gatnaşyjy-ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň we türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.


6-njy noýabrda Daşkendiň Alişer Nowaýy adyndaky Döwlet akademiki Uly teatrynda Gündogaryň Beýik akyldary we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik agşamy geçirildi


Şu ýyl Moskwada sekizinji gezek geçirilýän “Dutaryň owazy” atly halkara sungat festiwaly ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna girizilen Gündogaryň görnükli akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanandy. Festiwal sazandalara, ýerine ýetirijilere, aýdymçylara, kompozitorlara, suratkeşlere, okyjylara we medeni ulgamdaky mugallymlara döredijiligini görkezmek üçin meýdançany döretdi, bu guramaçylara sungatyň hakyky baýramçylygyna öwürmäge mümkinçilik berdi


Turkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniñ Mukamlar köşgünde tanymal kompozitor Rejep Rejepowyñ döredijiligine bagyşlanan konsert geçiriler. Ilkibaşda çäre 6-njy noýabra meýilleşdirildi, emma guramaçylar geçiriljek senäniñ üýtgedilendigi barada habar berdiler - konsert 9-njy noýabra sagat 18:00 süýşürildi.


Tatarystan Respublikasynyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň “Hazine” çeperçilik galereýasynda türkmen suratkeşi Berdiguly Amansähedowyň “Başlangyç-sazlaşyk-kämillik: filosofiki dünýägaraýyş” atly şahsy sergisi açyldy.