

Magtymguly hakyndaky filmiň Nýu-Ýorkda görkezilişinden soň: çära gatnaşyjylaryň pikirleri
TÜRKSOÝ 21-nji ýanwarda Nýu-Ýork şäherindäki Türk Öýünde görkezilen türkmen-özbek filmi «Magtymguly Pyragy» baradaky hasabatyny çap etdi. Çäräniň dowamynda çykyş eden TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýew şeýle diýdi: «Bu film – Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň çuňlugyny görkezýän möhüm eser bolmak bilen bir hatarda, türki dünýäniň agzybirliginiň güýçlidiginiň nyşanydyr»


















