HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly hakyndaky filmiň Nýu-Ýorkda görkezilişinden soň: çära gatnaşyjylaryň pikirleri

Ýanwar 28, 2025 | 00:10 |6954
TÜRKSOÝ 21-nji ýanwarda Nýu-Ýork şäherindäki Türk Öýünde görkezilen türkmen-özbek filmi «Magtymguly Pyragy» baradaky hasabatyny çap etdi. Çäräniň dowamynda çykyş eden TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýew şeýle diýdi: «Bu film – Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň çuňlugyny görkezýän möhüm eser bolmak bilen bir hatarda, türki dünýäniň agzybirliginiň güýçlidiginiň nyşanydyr»TÜRKSOÝ 21-nji ýanwarda Nýu-Ýork şäherindäki Türk Öýünde görkezilen türkmen-özbek filmi «Magtymguly Pyragy» baradaky hasabatyny çap etdi. Çäräniň dowamynda çykyş eden TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýew şeýle diýdi: «Bu film – Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň çuňlugyny görkezýän möhüm eser bolmak bilen bir hatarda, türki dünýäniň agzybirliginiň güýçlidiginiň nyşanydyr»
Çeşme: turksoy.org

TÜRKSOÝ 21-nji ýanwarda Nýu-Ýork şäherindäki Türk Öýünde görkezilen türkmen-özbek filmi «Magtymguly Pyragy» baradaky hasabatyny çap etdi. Çäräniň dowamynda çykyş eden TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýew şeýle diýdi: «Bu film – Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň çuňlugyny görkezýän möhüm eser bolmak bilen bir hatarda, türki dünýäniň agzybirliginiň güýçlidiginiň nyşanydyr».

Magtymgulynyň goşgularynyň häzirki döwrüň ruhuna laýykdygyny belläp, ol şeýle nygtady: «Magtymguly Pyragy – öz döwründen öňe geçen akyldar. Ol adalat, doganlyk we parahatçylyk ýaly ählumumy gymmatlyklaryň wekili. Häzirki döwürde dünýä Magtymguly Pyragy ýaly paýhasly şahsyýetlere has-da mätäçdir».

Sultan Raýew Türkmenistanda 2025-nji ýylyň Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigini ýatladyp, bu çäräniň şol ýyly mynasyp garşylamakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Çykyşynyň ahyrynda ol Magtymgulynyň şu sözlerini mysal getirdi: «Geliň, birleşeliň, dostlugymyzy wasp edip, bütin dünýä görelde bolaly!»

Türkiýäniň Nýu-Ýorkdaky Baş konsuly Muhittin Ahmet Ýazal hem çykyş edip, bu filmiň we çäräniň ähmiýeti barada şeýle diýdi: «Şu gün Nýu-Ýorkdaky Türk Öýünde biz tutuş türki dünýäni garşyladyk. Bu möhüm çäräniň merkezinde bolsa, biziň taryhymyzda, umumy medeniýetimizde, tutuş türki halklaryň medeniýetinde möhüm orun eýeleýän beýik şahsyýet, akyldar we şahyr Magtymguly Pyragy durdy».

Filmiň görkezilişinden öň filmi düşüriji topar bilen söhbetdeşlik geçirildi. Filmiň režissýory Muzaffarhon Erkinow bu kinofilmiň döreýişiniň sebäpleri we ähmiýeti barada şeýle gürrüň berdi: «Bu film Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy bilen döredildi. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa goldawy üçin çäksiz minnetdarlyk bildirýärin. Biziň filmimiz diňe bir iki halkyň däl, eýsem, tutuş türki dünýäniň agzybirligini görkezýär. Biz bu taslamany Türkmenistanda we Özbegistanda düşürip, 50-den gowrak meýdançada işler alyp bardyk we giň gerimli işleri ýerine ýetirdik. Biziň halklarymyzyň dilimiz, dinimiz we medeniýetimiz biri-birine baglanyşykly. Bu agzybirligi kino sungatynyň üsti bilen görkezmek biziň üçin uly mertebe boldy».

Filmiň baş keşbini janlandyran ýaş aktýor Ahmet Amanmyradow hem öz pikirleri we duýgulary bilen paýlaşdy. Ol beýik akyldar Magtymguly Pyragyny uly ekranda janlandyrmagyň özüniň üçin beýik hormatdygyny belledi. Şeýle hem ol bu kinonyň türki film festiwaly «Gorkut Ata» festiwalynda birinji baýragy gazanmagyndan aýratyn buýsanýandygyny aýtdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026