

Sungatyň çägi ýok: dürli ýurtlaryň diplomatlary Moskwadaky sergide öz nakgaş eserlerini görkezdiler
Portretler, natýurmortlar, peýzaž eserleri - Moskwada işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen jemi 150-den gowrak surat "Dünýä reňkleri" sergisinde sergilenýär. Sergi sişenbe güni Moskwanyň häzirki zaman sungaty muzeýinde açyldy. Ol Russiýanyň Daşary işler ministrligi bilen Moskwadaky diplomatik korpusyň wekili, Azerbaýjanyň ilçisi Polad Bülbül ogly tarapyndan bilelikde guraldy – diýip, TASS habar berýär.





















