HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Sungatyň çägi ýok: dürli ýurtlaryň diplomatlary Moskwadaky sergide öz nakgaş eserlerini görkezdiler

Maý 31, 2023 | 01:18 |8359
Portretler, natýurmortlar, peýzaž eserleri - Moskwada işleýän daşary ýurt
diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen jemi 150-den gowrak
surat "Dünýä reňkleri" sergisinde sergilenýär. Sergi sişenbe güni Moskwanyň häzirki
zaman sungaty muzeýinde açyldy. Ol Russiýanyň Daşary işler ministrligi bilen
Moskwadaky diplomatik korpusyň wekili, Azerbaýjanyň ilçisi Polad Bülbül ogly
tarapyndan bilelikde guraldy – diýip, TASS habar berýär.Portretler, natýurmortlar, peýzaž eserleri - Moskwada işleýän daşary ýurt
diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen jemi 150-den gowrak
surat "Dünýä reňkleri" sergisinde sergilenýär. Sergi sişenbe güni Moskwanyň häzirki
zaman sungaty muzeýinde açyldy. Ol Russiýanyň Daşary işler ministrligi bilen
Moskwadaky diplomatik korpusyň wekili, Azerbaýjanyň ilçisi Polad Bülbül ogly
tarapyndan bilelikde guraldy – diýip, TASS habar berýär.
Çeşme: mos.ru

Portretler, natýurmortlar, peýzaž eserleri - Moskwada işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen jemi 150-den gowrak surat "Dünýä reňkleri" sergisinde sergilenýär. Sergi sişenbe güni Moskwanyň häzirki zaman sungaty muzeýinde açyldy. Ol Russiýanyň Daşary işler ministrligi bilen Moskwadaky diplomatik korpusyň wekili, Azerbaýjanyň ilçisi Polad Bülbül ogly tarapyndan bilelikde guraldy – diýip, TASS habar berýär.

Sergide dünýäniň dürli künjeklerinden: Afrika ýurtlarynyň, Latyn Amerikasynyň, Günorta-Gündogar Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň we Günorta-Gündogar Aziýanyň ilçihanalarynyň we konsullyklarynyň diplomatlarynyň döredijilik işleri görkezilýär.

Sergä gelenler dürli žanrdaky sungat eserleri - žiwopis, grafika, art-obýekt, gadymy kalligrafiýanyň nusgalary we diplomatik wekilhanalaryndan ýer şarynyň ähli sebitlerini öz içine alýan milli senetleri bilen tanyşdylar. Guramaçylar bu taslamanyň "dürli ýurtlaryň, halklaryň, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň wekilleriniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň dowamly gymmaty" ideýasynyň çäginde durmuşa geçirilýändigini bellediler.

“Sungat häzirki zamanyň çalt aýlawynda ugur görkeziji şamçyragdyr. Diplomatik bellikler, habarlar we maglumatlar näçe mazmunly we wajyp bolsa-da, sungat eserleri käwagt söz bilen beýan edip bolmaýan zady aňlatmaga ukyplydyr. Diplomatlar diňe bir galam däl, eýsem çotgany hem ussatlyk bilen özleşdirenlerinde, bu iki esse ynandyryjy" – diýip, Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026