HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen we rus alymlary Goňurdepede ozal görülmedik artefaktlary ýüze çykardylar

Maý 30, 2023 | 16:15 |48867
Türkmen-rus Margiana arheologik ekspedisiýasynyň alymlary Goňurdepedäki 31 jaýlamanyň süňk galyndylaryny derňeýärler, şeýle hem gadymy şäheriň ilatynyň gürlügini ýüze çykarmak üçin ilatly ýerleriň agtaryş-barlag işlerini alyp barýarlar.Türkmen-rus Margiana arheologik ekspedisiýasynyň alymlary Goňurdepedäki 31 jaýlamanyň süňk galyndylaryny derňeýärler, şeýle hem gadymy şäheriň ilatynyň gürlügini ýüze çykarmak üçin ilatly ýerleriň agtaryş-barlag işlerini alyp barýarlar.
Çeşme: marymuseum.gov.tm

Türkmen-rus Margiana arheologik ekspedisiýasynyň alymlary Goňurdepedäki 31 jaýlamanyň süňk galyndylaryny derňeýärler, şeýle hem gadymy şäheriň ilatynyň gürlügini ýüze çykarmak üçin ilatly ýerleriň agtaryş-barlag işlerini alyp barýarlar.

Maddy medeniýet institutynyň, RYA-nyň Mineralogiýa institutynyň bilermenleri, şeýle hem Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň we muzeýleriniň bilermenleri eýýäm mineralogiki barlagy geçirdiler we Goňur — 2 we Goňur — 3 ilatly ýerlerinde gadymy metal önümçiligini öwrendiler – diýip, RYA-nyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň saýty habar berýär.

Barlanylýan gatlaklarda ilkinji gezek mis magdanynyň nusgalarynyň ýüze çykarylandygy habar berilýär. Gadymy köşgüň we Goňur galasynyň çäklerinde dikeldiş işleri geçirildi, bu ýerde 2019-njy ýylda tapylan meşhur nakgaşlyk kompozisiýasy bolsa Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde dikeldiş işleriniň geçirilýän tapgyrdadyr.

Şäheriň gadymy ýaşaýjylarynyň adam jaýlamak medeniýetiniň ajaýyp elementleriniň ilkinji gezek tapylandygy bellenilýär, hususan-da — mazaryň üstünde goýulýan desgalar we mazar daşynyň ozal görülmedik formalary ýüze çykaryldy.

Başga ähmiýetli tapyndylaryň arasynda — nämälim şekili bolan tumar-möhür, gurbaga şekilinde we beýleki ýerde-suwda ýaşaýjylaryň şekilinde güberçegi bolan ajaýyp keramika gaplar, şeýle hem sünjülen toýun fragmentleri bolan palçykdan ýasalan şarlar bar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026