

Aşgabatda hökümetara azerbaýjan-türkmen toparynyň mejlisi geçirildi
Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky Ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Premýer-ministriň orunbasary Batyr Atdaýew, Azerbaýjan tarapyndan Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow ýolbaşçylyk etdi.





















