

Ankaranyñ beýik binalary Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 33 ýyllygy mynasybetli türkmen baýdagynyñ reñkine bezeldi
Düýn, 27-nji sentýabrda Ankaranyñ iñ beýik binalary bolan Türkiýeniñ söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiñ binasy we paýtagtyñ baş ajaýyplygy bolan "Atakule" gözegçilik diñi Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyñ Döwlet baýdagynyñ reñkine bezeldi.





















