HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan GDA-nyñ Seljeriş merkezleriniñ Daşkent maslahatyna gatnaşdy

Sentýabr 27, 2024 | 01:47 |10669
"Uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyñ täze gün tertibi" atly GDA gatnaşyjy ýurtlaryñ seljeriş metkezleriniñ halkara maslahaty Daşkentde 26-njy sentýabrda geçirildi. Maslahat Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwesitetinde bilermenleri ýygnady."Uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyñ täze gün tertibi" atly GDA gatnaşyjy ýurtlaryñ seljeriş metkezleriniñ halkara maslahaty Daşkentde 26-njy sentýabrda geçirildi. Maslahat Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwesitetinde bilermenleri ýygnady.
Çeşme: uwed.uz

"Uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyñ täze gün tertibi" atly GDA gatnaşyjy ýurtlaryñ seljeriş metkezleriniñ halkara maslahaty Daşkentde 26-njy sentýabrda geçirildi. Maslahat Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwesitetinde bilermenleri ýygnady.

Guramaçylar hökmünde GDA-nyñ Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde Daşary işler ministrligi, Daşky syýasy barlaglar we halkara başlangyçlar merkezi, Özbegistan Respublikasynyñ Daşary işler ministrliginiñ ýanyndaky Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersiteti çykyş etdiler. Daşkente maslahata gatnaşmak üçin Arkalaşygyñ ähli ýerlerinden alymlar we döwlet işgärleri, syýasatçylar we ykdysadtçylar geldiler. Türkmenistana Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklar institutynyñ Strategik barlaglar merkezi wekilçilik etdi.

Maslahatyñ maksady Arkalaşygyñ döwletleriniñ giñişliginde bolup geçýän wakalary düýpli seljermekden, geljegi we amala aşyrylmadyk mümkinçilikleri öwrenmekden hem-de durnukly ösüşe mümkin bolan wehimlerine bilelikde baha bermekden ybaratdyr.

27092024-turkmenistan-v-tashkentskoj-konferencii-analiticheskih-centrov-sng (2).jpg

GDA-nyñ Baş sekretary Sergeý Lebedew halkara maslahata gatnaşyjylaryna öz wideo ýüzlenmesinde şeýle diýdi: "Häzirki zaman halkara ýagdaýy Arkalaşygyñ ýurtlaryny tutanýerli çärelerini gözlemegine oýarýar. Biziñ maksadymyz - ýurtlarymyzy gorap saklamak we ösdürmek bilen gejekki nesillere dostlukly we hoşniýetli goñşuçylykly giñişligini miras goýup gitmekdir".

Maslahatyñ çäginde Arkalaşygyñ ýurtlarynyñ tanymal bilermenleri söwda-ykdysady, ynsanperwer, durmuş, ylmy-tehniki, ekologiýa we beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygyñ häzirki ýagdaýy we olary ösdürmek mümkinçilikleri barada öz pikirlerini beýan etdiler.

Işiñ dowamynda täze şertleri hasaba almak bilen GDA-nyñ çäklerinde hyzmatdaşlygyñ giñişleýin gün tertibiniñ meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy: ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleri we "ýaşyl" ykdysadyýete geçiş, şol sanda senagat söwdasy, söwda, ulag, energetika we azyk howpsuzlygy, şeýle-de GDA formatynyñ däp bolşy ýaly iñ güýçli bölegi bolan medeni-ynsanperwer ugry.

27092024-turkmenistan-v-tashkentskoj-konferencii-analiticheskih-centrov-sng (2).jfif

Arkalaşygyñ çäginde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze çemeleşmeleriniñ işlenilip düzlülmegine, ylmy-tehniki we innowasion hyzmatdaşlygyñ ösdürilmegine, kripto senagaty ösdürmek, döwletara standartlaşdyrmanyñ netijeli ulgamyny döretmek, üstaşyr elektron söwdasyny ösdürmek, ekologiýa meseleleri, emeli añ tehnologiýalaryny ahlak taýdan ulanmak we maglumatlaýyn täsir etmek ýaly möhüm ugurlar boýunça işleriñ güýçli depginde alnyp barylmagyna ähmiýet berildi.

Halkara maslahatyñ netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Arkalaşygyñ uzakmöhletleýin gün tertibi üçin esaslaýyn teklipler işlenilip taýýarlanyldy.

27092024-turkmenistan-v-tashkentskoj-konferencii-analiticheskih-centrov-sng (1).jfif

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan iki obany Gyrgyzystana berdi we Gazagystana ýer çalşygy teklip etdi

Özbegistan iki obany Gyrgyzystana berdi we Gazagystana ýer çalşygy teklip etdi

22:05 Iýun 24, 2026
Türkmen dizaýneri Tanger Fashion Week 2026 moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny hödürledi

Türkmen dizaýneri Tanger Fashion Week 2026 moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny hödürledi

22:00 Iýun 24, 2026
Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

21:13 Iýun 24, 2026