Habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildiTürkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Paýtagtyň Halkara howa menzilinde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.