Habarlar

Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi portlaryň geosyýasy orny baradaky maslahatlaşma gatnaşdyTürkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi portlaryň geosyýasy orny baradaky maslahatlaşma gatnaşdy

Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi portlaryň geosyýasy orny baradaky maslahatlaşma gatnaşdy

Brýusselde “The Brussels Times” atly abraýly Ýewropa neşiri tarapyndan gurnalan “Ilçiler bilen duşuşyklar tapgyry: içerki garaýyş” atly diplomatik formatyň çäginde ýokary derejeli ekspert sessiýasy geçirildi. Daşary ýurtly diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemlän maslahatlaşmanyň temasy häzirki global durnuksyzlyk şertlerinde Ýewropanyň deňiz portlarynyň howpsuzlygy, geosyýasy ähmiýeti we strategik orny boldy

Tokioda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldyTokioda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy

Tokioda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy

Tokioda Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endony sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwletara we parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan saldamly goşandy üçin ýapon syýasatçysyna Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan "Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna" ýadygärlik medaly, ýadygärlik kümüş nyşany we degişli şahadatnama gowşuryldy

Türkmen Oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly halkara elektron žurnalyny neşir ederTürkmen Oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly halkara elektron žurnalyny neşir eder

Türkmen Oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly halkara elektron žurnalyny neşir eder

Ýurdumyzyň öňdebaryjy agrar ýokary okuw mekdebi dünýäniň ylym-bilim giňişligine goşulyşmak ugrunda nobatdaky möhüm ädimi ädýär. Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan neşir ediljek «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek baradaky teklip makullandy