HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nothing kompaniýasy iýul aýyndaky tanyşdyrylyşdan öň Phone (4b) smartfonynyň dizaýnyny resmi taýdan görkezdi

Iýun 28, 2026 | 13:34 |1504
Beýik Britaniýanyň tehnologiýa brendi Nothing özüniň ýakyn wagtda çykjak Phone (4b) smartfonynyň daşky keşbini resmi taýdan hödürlediBeýik Britaniýanyň tehnologiýa brendi Nothing özüniň ýakyn wagtda çykjak Phone (4b) smartfonynyň daşky keşbini resmi taýdan hödürledi
Çeşme: Nothing

Beýik Britaniýanyň tehnologiýa brendi Nothing özüniň ýakyn wagtda çykjak Phone (4b) smartfonynyň daşky keşbini resmi taýdan hödürledi. Kompaniýa täze modeliň 7-nji iýuldan satuwa çykaryljakdygyny tassyklady. Täze wideo-tizer enjamyň dizaýnynyň esasy aýratynlyklaryny açyp görkezdi, emma bilermenler we geljekki alyjylar üçin käbir soraglary henizem açyk galdyrdy.

Täze smartfonyň iň tapawutly aýratynlygy – korpusyň tekiz çarçuwasy we görünýän nurbatlary bilen bezelen, brendiň özboluşly açyk senagat stilindäki arka gapagydyr. Bu gezek inženerler korpusyň yzky böleginiň tutuş giňligini eýeleýän uly gönüburçly kamera modulyny ulanypdyrlar. Onuň içinde dik ýagdaýda ýerleşdirilen iki uly kamera obýektiwi bar.

Kameralaryň gapdalynda LED fleş we näbelli gara tegelek element ýerleşýär. Bilermenleriň pikirine görä, bu lazer awtofokus moduly ýa-da ýagtylyk datçigi bolup biler. Şeýle-de bolsa, kompaniýa onuň takyk wezipesi barada entek resmi maglumat bermedi.

Phone (4b) öňki modellerden Glyph Interface atly özboluşly LED yşyk zolaklaryny hem aldy. Bu yşyklar dürli bildirişleri wizual görnüşde görkezmek üçin ulanylýar.

Gyzykly tarapy, Phone (4b)-iň dizaýnynda CMF hatarynyň aýratynlyklary hem duýulýar. Şeýle-de bolsa, Nothing kompaniýasy şu ýyl bu subbrendiň býujet smartfonlarynyň çykarylmagyna garaşylmaýandygyny öňünden mälim edipdi.

Täze smartfonyň resmi tanyşdyrylyşyna iki hepdeden hem az wagt galýar. Kompaniýanyň ýakyn günlerde enjamyň tehniki häsiýetnamalaryny hem doly açyp görkezmegine garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026