

OPEK+ nebiti çykarmagy azaltmak barada karara gelenden soň nebitiň bahasy birden gymmatlady
Saud Arabystanynyň we OPEK+ guramasynyň beýleki agzalarynyň nebiti çykarmagy azaltmak baradaky duýdansyz kararyndan, şeýle hem Russiýanyň —ýylyň ahyryna çenli öz önüm öndürijiligini kemeltmegini uzaltmak baradaky kararyndan soňra nebitiň Brent kysymy 8% gowrak birden gymmatlady. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.




















