

China daily: Hytaýda BMG-niň 4-nji Bütindünýä maglumat forumy öz işine başlady
Hytaýyň gündogaryndaky Hançžou şäherinde BMG-niň 4-nji Bütindünýä maglumat forumy başlandy – diýip, China daily habar berýär.


Hytaýyň gündogaryndaky Hançžou şäherinde BMG-niň 4-nji Bütindünýä maglumat forumy başlandy – diýip, China daily habar berýär.


Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Azerbaýjana çig nebitiň 119,2 müň tonnasyny eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 4,4 esse köpdür – diýip, Trend habar berýär.


Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda gümrük işi babatynda döwletara ylalaşygyny baglaşmagyň meseleleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewiň Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň gümrük edarasynyň resmi saýty habar berýär.


Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy – diýip, ýurdumyzyň Brýusseldäki diplomatik wekilhanasy habar berýär.


Köne türkmen nebit ýatagy bolan Goturdepede nebiti çykarmagyň netijesinde guýynyň üstünde emele gelýän suwlary ýod öndürmek üçin ulanyp başladylar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.


Özbegistanyň prezidenti Bahtiýor Saidowy daşary işler ministri wezipesine tassyklady. Ozal DIM-niň täze baştutanynyň dalaşgärligi Oliý mejlisiň kanun çykaryjy palatasynyň deputatlary tarapyndan makullanypdy.


Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan berlen maglumatyň esasynda ORIENT Türkmenistanda 25-nji aprelden 30-njy aprele çenli aralykda boljak sport wakalarynyň anonsyny hödürleýär.


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken we wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni 24-nji aprelde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde, Waşingtonyň duşuşyk geçirdi.


Häzirki zaman dünýäsinde köp adam, smartfonlara, gadžetlere we sosial mediýa baglylygy sebäpli stres, ýalňyzlyk, sosial ukyplaryň pesligi, alada we depressiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu endikden dynmak üçin psihologlar elektron enjamlaryny we sosial ulgamlary ulanmagy meýilleşdirmegi we özleri bilen gyzyklanmak we hakyky dünýäde aragatnaşyk saklamak üçin wagt sarp etmegi maslahat berýärler.


Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligine — keselleriň öňüni almak boýunça immunizasiýanyň möhümdigi barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, apreliň soňky hepdesinde geçirilýän her ýylky çärä badalga berildi.


Merkezi Aziýada söwda boýunça USAID-yň maksatnamasy türkmen işewürliginiň wekillerini 27-nji aprelde boljak «MSB nähili usulda artdyrylan gymmatyň sebitleýin zynjyryny döredip biler?» atly onlaýn ussatlyk-sapagyna çagyrýar.


Eýranyň daşky gurşawy goramak departamenti Hazar düwlenlerini we akulalary goramak boýunça maksatnamany işläp düzýär – diýip, Tehran Times habar berýär.


Merkezi Aziýa sebiti bilen Günorta Aziýanyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda mümkinçiliginiň diňe 33%-den peýdalanylýar, özleşdirilmedik mümkinçilikler 67% deňdir.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligine degişli desgalary satmak boýunça maýa goýum bäsleşigini geçirer. Bu baradaky bildirişi resmi türkmen metbugaty çap etdi.


Türkmen ykdysadyýetiniň sanly we ýaşyl özgertmelerine bagyşlanan tegelek stoly Türkmenistanda üstümizdäki ýylyň maý aýynda guramak teklip edilýär.