logo

Çäreler

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda durnukly we energiýa taýdan netijeli gurluşygy goldamak boýunça täze taslamany ýola goýýarBMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda durnukly we energiýa taýdan netijeli gurluşygy goldamak boýunça täze taslamany ýola goýýar
ÇärelerTürkmenistanyň Habarlary

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda durnukly we energiýa taýdan netijeli gurluşygy goldamak boýunça täze taslamany ýola goýýar

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda “Kadalaşdyryjy-hukuk binýadyň gowulandyrylmagy arkaly Türkmenistanyň energiýa taýdan netijeli we durnukly gurluşyk pudagy ugry boýunça milli kuwwatynyň ösdürilmegi” atly täze taslamany girizdi. Taslama Global ekologiýa gaznasy (GEG) tarapyndan maliýeleşdirilýär hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Diplomatlar hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Kazandaky koworking merkezine baryp gördülerDiplomatlar hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Kazandaky koworking merkezine baryp gördüler
ÇärelerTürkmenistanyň Habarlary

Diplomatlar hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Kazandaky koworking merkezine baryp gördüler

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki (RF) Baş konsuly Güýç Garaýew Tatarystanyň paýtagtynda akkreditlenen beýleki diplomatlar bilen bilelikde “Hoşniýetli Kazan” awtonom täjirçilik däl guramasynyň koworking merkezine baryp gördüler. Ol ýerde haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada “Tatar-inform” habarlar agentligi belleýär.

Türkmenistanyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mongoliýanyñ Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdyTürkmenistanyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mongoliýanyñ Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
ÇärelerTürkmenistanyň Habarlary

Türkmenistanyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mongoliýanyñ Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2025-nji ýylyñ 21-nji aprelinde Ulan-Bator şäherinde Türkmenistanyñ Mongoliýadaky (hemişelik oturýan ýeri - Pekin ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýewiñ Mongoliýanyñ prezidenti Uhnagiýn Hurelsuha ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu waka iki ýurduñ arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandyTürkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy
ÇärelerTürkmenistanyň Habarlary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy

Şu gün Samarkand şäherinde, türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – “Oliý Daražali Dustlik” ordeniniň (“Ýokary derejeli dostluk”) dabaraly ýagdaýda gowşurylyşy boldy.