

Türkmenistanyň DIM-de ÝB-niň we Fransiýanyň täze ilçileri, şeýle hem Özbegistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi
9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşyklarda diplomatik wekilhanalaryň täze ýolbaşçylarynyň işe başlamagy we hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşmalar geçirildi
















