

TOPH we TOP boýunça Türkmenistan bilen Owganystanyň Hökümet wekiliýetleriniň Hyratdaky duşuşygy
Ýekşenbe güni Hyrat şäherinde Türkmenistan bilen Owganystanyň Hökümet wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Owganystanyň Premýer-ministriniň Ykdysady meseleler boýunça orunbasary Molla Abdul Gani Baradar esasy sebitara taslamalaryň — TOPH, TOP we demirýol infrastrukturasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny giňişleýin seljerdiler diýip, Ariana News habar berýär
















